Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetine täze ýolbaşçy bellenildi


Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetine ýolbaşçy edilip öň Ykdysadyýet we ösüş ministriniň orunbasary bolup işlän Akmyrat Mämmedowyň bellenendigi habar berilýär.

Bir aýa golaý wagt mündan ozal Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirmek işi tabşyrylan Lýudmila Amannyýazowa bu wezipeden boşadyldy.

Fewral aýynyň başynda Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetiniň başlygy A.Gurbangulyýew we onuň orunbasary D.Berdimyradow prezident G.Berdimuhamedowyň permany bilen “işde goýberen düýpli kemçilikleri” üçin wezipelerinden boşadyldylar.
XS
SM
MD
LG