Sepleriň elýeterliligi

“Komatsu” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýär


5-nji martda Türkmenistanyň prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň egindeş başlygy Sumitaka Fudzitany kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet mediasy habar berýär.

Jenap Fudzita Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň işi hakynda hasabat berip, bilelikdäki proýektleriň durmuşa geçirilişi, şol sanda Tokioda bolan gepleşikleriň jemleri boýunça ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi barada türkmen prezidentine gürrüň berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu duşuşyga gatnaşan “Komatsu” kompaniýasynyň GDA ýurtlary boýunça wekilhanasynyň baştutany jenap Masao Fudzitanyň maşyn gurluşygy pudagynda dünýä liderleriniň biri bolan “Komatsu” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky teklibini kabul edip, türkmen tarapynyň bu ugurda işleşmäge taýýardygyny aýtdy.

Bu duşuşykda türkmen-ýapon hökümetara komitetiň nobatdaky mejlisiniň şu ýyl Aşgabatda geçiriljekdigi aýdyldy.
XS
SM
MD
LG