Sepleriň elýeterliligi

Gyz dogulsa, «wiý!» diýgin

Türkmenler ir döwürler gyz perzent dünýä inse, gynanypdyrlar.

Ogul dünýä inende türkmenler öýme-öý aýlanyp, buşlap çykýarlar. Gyz doglanda hatda buşlanmandyr hem. Ogly ýok öýler gussada bolupdyr. Gyz köpräk dogluberse, halaman, yzly-yzyna dünýä inýän gyzlara «Ogulgerek, Doýduk, Bessir, Gyzsoňy» ýaly atlary dakypdyrlar.

Türkmenleriň gyz perzendiň dogulmagyny halamazlyklary olaryň gyzlaryny ýigrenmegi diýip düşünmekligi aňlatmaýar. Munuň aňyrsynda gyz başyna düşýän kynçylyklar, betbagtçylyklar ýatýar.

Gyz doglanda halamasa-da, perzent hökmünde türkmenler gyzlaryny ýürekden gowy görýärler. Birinji, ikinji,üçünji gyzlaryna çenli iň gowy atlary dakýarlar. Olar gyzlaryny güle deňäp, gülleriň atlaryny goýýarlar: Gülälek, Bägül, Akgül, Gyzylgül, Gül…Olar gyzlaryny Aýa deňäp, Aýa ýanap, at dakýarlar: Aýgül, Aýbölek, Aýgözel, Aýjahan, Aýnur, Aýşat, Aýjemal we ş.m. Gymmat bahaly demirlere, daşlara deňäp, Altyn, Kümüş, Merjen, Dürdäne ýaly atlary dakýarlar.

Gadymyýetde türkmen gyzlary durmuşa çykansoň, kyn durmuşda ýaşamaga mejbur bolupdyrlar. Türkmenler köpaýallylyk hojalygyny ýöreden halkdyr. Maşgala eklemäge ýagdaýy bolanlar on iki aýala çenli alypdyrlar. Türkmen gyzlarynyň köpüsine bir erkegiň on iki aýalynyň biri bolup ýaşamak ykbaly ýazylypdyr. Olar köplenç haly dokap, ýüň egrip, keçe basyp, goýun, geçi, sygyr, düýe sagyp, öýüň biş-düşi bilen gümra bolupdyrlar. Süýtden dürli önümler ýasapdyrlar, çörek bişiripdirler, çaga terbiýeläpdirler.

Türkmenler gelin-gyzlaryna agyr iş etdirmändirler. Ýöne bet erkek kişi aýallaryny öldir ýaly ýenjip bilipdir. Gaýynlaryň-da zamunlary gelinlerini urup bilipdir. Ýöne her hili kyn şertde ýaşadylsa-da, türkmeniň durmuşa çykan gyzy aýrylyşyp gelmändir. Ene-ata oňa durmuşa çykaran pursadynda: «Öliň gelsin, diriň gelmesin» diýip sargar eken. Bu söz: «Dirikäň aýrylyşyp geläýme» diýildigidir. Türkmenler aýalyň ärinden diri wagty aýrylmagyny halamandyrlar. Aýal diňe adamsy ölende dul galypdyr. Gyzyny durmuşa çykarýan ene-ata gudalaryna gyzy berip durka: «Eti siziňki, süňki biziňki» diýer eken. Bu bolsa «Gaharyňyz gelende etini kesip alsaňyz hem alyň, ýöne öldürmäň» diýildigidir. «Süňňi - synasy abat dursun» diýildigidir.

Eger gelin ýaşka adamsy ýogalsa, gyzyň hossarlary öz gyzlaryny alyp gaýtmaga hem-de ony ikinji sapar durmuşa çykarmaga hakly bolupdyr. Şonda gelniň birinji adamsyndan bolan çagalary oglanyň öýünde taşlanyp gaýdylypdyr. Hatda süýt emip oturan çagany-da taşlap gaýdypdyrlar. Birinji adamsy ýogalsa-da, ikinji bir kişi bilen durmuş gurmak islemän, birinji adamsynyň öýünden gaýtmajak bolup, özüni alyp gidip, başga birine satmak isleýän hossarlaryna baş bermän, aglaýan gelinleri onuň garşylygyna bakman, zor bilen alyp gaýdar ekenler hem-de zorluk bilen ýene başga kişä berer ekenler. Şeýtmegi türkmenler özleriniň Hudaýyň öňündäki borçlary hasaplapdyrlar. Hudaýyň buýrugyna görä, aýal tä dogurmadan galýança çaga dogurmaly. Eger adamsy ýogalan ýaş gelni hossarlary başga äre bermeseler, hossarlar gelne çaga dogurmaga yş açmanlary üçin Hudaýyň öňünde günäkär hasaplanypdyr. Erkek kişiniň aýaly ýogalanda-da şeýle—hossarlary ony hökman ikinji sapar hem öýermäge Hudaýyň öňünde borçly bolupdyrlar.

Aýallar haçan öýden çykdy?

Türkmeniň gyz doglanyny halamaýanynyň baş sebäbi gyzyň hossarlyk ornuny tutup bilmänligidir. Mysal üçin aýal maşgalalara öýde gündelik sarp edilýän azyklary almak üçin bazarlara çykmak gadagan bolupdyr. Şeýle hem maşgalanyň başyna iş düşende, maşgalany diňe erkek kişi gorap bilipdir. Uruş ýagdaýynda, ýa-da ýagy dökülende, dawa ýüze çykanda erkek kişisi ýok öýlere örän kyn bolupdyr. Geçmişdäki kynçylyklar sebäpli, türkmenler asyrlarboýy ogly arzuwlap, gyz perzent dünýä inende gynanyp gelipdirler.

Türkmenistanyň territoriýasynda sowet häkimiýeti gurlup, kolhozlar, haly artelleri gurlansoň, sowet hökümeti hemmeleri mejbury ýagdaýda kolhozda, artellerde işlemäge borçly etdi. Aýallaryny kollektiwleýin işlere ibermejek bolup çytraşan adamlar sowet hökümeti bilen garpyşmaly bolupdylar. Mugallym bolup orta çykan aýallar öldürilipdi. Türkmenleriň gyzlaryny, aýallaryny başlangyç mekdep okuwlaryna çekmek hem sowet hökümetine iş beripdi. Bu ýagdaýlar müň dokuz ýüz ýigriminji, otuzynjy ýyllaryň wakalaryny teswirleýän eserlerde beýan edilipdi. Gyzlaryny, aýallaryny kolhoz işine, mekdep okuwyna, haly artellerine ibermek islemedik türkmenlere sowet hökümeti rehimsiz darapdy, hökümet olaryň köpüsini ýurtdan çykarypdy we atypdy.

Hökümetiň zory bilen kolhoz işine we mekdeplere eltilse-de, türkmen aýallary barybir bazarlara iberilmändir. Sebäbi aýallar bazarlara - erkek kişileriň köp ýerine barsa, aýyp görlüpdir. Ogulsyz, erkek kişisiz öýe et-ýag, süýji gerek bolsa, ony bazardan getirip bermegi goňşy erkekden haýyş edipdirler.

Ikinji jahan urşy türkmen aýallaryny öýden çykmaga mejbur eden wakalaryň iň ulusydyr. Urşa giden erkekleriň ep-esli bölegi yzyna dolanyp gelmänsoň, ogulsyz hem erkeksiz öýler sanardan kän bolupdyr. Diňe bir öýler däl, eýsem obalar, şäherler erkekden boşap galypdyr. Erkekleriň etmeli işleri aýallaryň boýnuna düşüpdir. Kolhoz işleýänem aýallar bolupdyr, traktor sürýänem, maşyn sürýänem, doktoram aýallar bolupdyr, mugallymam. Merhum jaýlanýan pursatda türkmenler hiç wagt aýal maşgalany gonamçylyga äkitmeýän bolsa-da, ikinji jahan urşy ýyllarynda aýallar merhumy-da jaýlamaly bolupdyrlar. On sekiz ýaşdan 55 ýaşa çenli bolan erkekleriň ählisi urşa gidensoň, tylda galan gojalaryň-da merhum jaýlamaga güýji ýetmänsoň, ýogalýan adamlary ýaş gelinler, on bäş-on alty ýaşly ýetginjekler, ulugyzlar jaýlapdyrlar.

Ikinji jahan urşunda erkekleriň köpüsiniň ýogalyp, ähli işleriň aýallaryň başyna düşmegi hem-de, uruşdan soňky ýyllarda sowet hökümetiniň birneme berkäp, aýallary aşa goraýan kanunlaryň kabul edilmeginiň netijesinde türkmen aýallary islän okuwlarynda okap, islän işlerinde işläp başladylar. Hatda olaryň köpüsi erkek kişiniň üstünden agalyk edýän jynslara öwrüldi.

Türkmenler nähili okuwda okasa-da, nähili işde işlese-de, umuman, erkek kişiniň üstünden agalyk etjek bolýan aýal maşgalany halamaýarlar. Şonuň üçin köp türkmenler ogullarynyň bilimli gyzlara öýlenmegini oňlamaýarlar. Hatda olar edara-kärhana işine gidip, işleýän gelni-de halamaýarlar. Türkmenler agzyna ýaşmak ýaşyp, özüne käýelende-de sesini çykarman, soralan soraga diňe baş atyp, sessiz jogap berip, öýüň işini edip ýören gyzlary gelin edinmegi gowy görýärler. Beýle gelinler atasy öýüne görme-görşe gidende-de hökman gaýyn öýünden rugsat sorap, gaýyn öýünden kimdir biriniň öz ýanyna ýoldaş bolmagy bilen gidip-gelýärler.

Türkmen aýallary hem gahrymançylyk

Türkmenler aýallaryny hiç wagt söweş hereketlerine gatnaşdyrmandyrlar. Olar öz gelin-gyzlarynyň, eneleriniň harby urşyjylara öwrülmegini islemändirler. Ýöne durmuş başlaryna agyr pursatlary salanda türkmen aýal-gyzlarynyň özleri urşa gatnaşypdyr. Eýran basybalyşlaryna degişli ir döwürlerdäki uruşlarda türkmenleriň güýçleriniň asgyn gelen halatynda aýallar eline ilen ýiti zat bilen ýaraglanyp, duşmanyň garşysyna çykyp, erkeklere goltgy berer ekenler.

Gönübegiň Gökdepe urşy hakyndaky kitabynda hem-de W.A. Tugan – Mürze - Baranowskiniň «Ruslar ahaltekede» atly kitabynda ýazyşyna görä, türkmenleriň Gökdepe galasynda bolan uruşda aýal-gyzlar hem duşmanyň garşysyna urşupdyrlar. Gökdepe galasyndaky urşa gatnaşyp, ol urşy öz gözi bilen gören awtor - Baranowskiý rus soldatlarynyň garşysyna ok atyp ýatan ulugyzy hem-de garry kempiri tapyşlary hakda gürrüň berýär. Türkmen aýallary Watan goramaly bolanda diňe duly saklap oturyjylar bolmandyr.

Saçly Dursunowa, Dürjemal Ysmaýylowa ýaly türkmen zenanlary Ikinji jahan urşunyň ýalnyndan doly geçdiler.

Aýallar hem Garaşsyzlyk eýýamy

Türkmenistanyň Garaşsyzlykda ýaşap başlan ýyllary türkmen gelin-gyzlary üçin iň bir betbagt ýyllar boldy diýip, doly aýdyp bolar. Soýuzyň ýykylmagynyň netijesinde ýurtda dörän işsizlik türkmen zenanlarynyň başyndan uly kynçylyklary inderdi. Garaşsyzlykdan öň türkmen zenanlarynyň türmä basylanyny gören-eşiden ýokdur. Işsizlik sebäpli neşe söwdasyna ulaşylma netijesinde türkmen gelin-gyzlarynyň örän köpüsi türmelere düşdüler. Türmä düşmedik aýallaryň ogullary, ýan ýoldaşlary türmä düşdi, neşekeşlere öwrüldi.

Erkekleriň neşekeşlere öwrülmegi türkmen gelin-gyzlaryny diňe öýden däl, hatda ýurtdan çykardy. Bu günki gün haýsy daşary ýurdy görseň, gazanç gözläp ýören türkmen gelin-gyzlaryna duşup bolýar. Eýran, Hytaý, Dubaý, Moskwa, Türkiýe... Olaryň gitmeýän ýeri ýok, baş goşmaýan pişesi ýok. Şundan ýetmiş-segsen ýyl öňem aýallary iýjek çöregini alyp gelmek üçin bazara goýbermegi namys eden ata-babalarymyz özleriniň gelin-gyzlaryny şu günlerde bir synlap görsediler... Bu bolýan zatlary görüp, olaryň ýürekleri megerem, çat açardy! Öňler öýden çykýan gelin-gyzy tapyp bolmadyk bolsa, indi öýde oturýany tapyp bolanok. Öňler işleýän gelni halamadyk türkmenler indi gelnine bir ýerden tam süprüjilik tapylsa-da, begenip, işe iberýärler. «Dokluk näme diýdirmez, açlyk näme iýdirmez!»

Türkmen zenanlary hem harbylyk

Gadymyýetde türkmenler gelin-gyzlaryny harbylyga ýanaşdyrmadyk bolsalar-da, Garaşsyzlyk ýyllarynda gyzlary harby okuw jaýyna hem-de polisiýa akademiýasyna okuwa kabul edip, olardan harby gullukçylary taýýarlap başladylar.

Ýaşlaryň islän okuwyna girmäge mümkinçiligi bolmansoň, ene-atalar gyzlaryny harby okuw jaýyna salyp bilseler-de begenýärler. Gyzlar bu okuw jaýlarynda okamak bilen, hut oglanlar kimin harby tälimleri geçýärler. Geljekde türkmen harbylarynyň hatary gelin-gyzlaryň hasabyna-da artar.

Kanun goraýjylar

Gelin-gyzlaryň ýokary okuw jaýlarynyň ýuridiki fakultetlerinde bilim alyp, sülçiniň, sudýanyň, prokuroryň hünärini ele almagy sowet döwründe başlanypdy. Häzirki döwürde-de türkmen gelin-gyzlarynyň arasynda sudýa, prokuror, sülçi, aklawjy, garalawjy hünärleri boýunça işleýänler örän köp. Kanun goraýjy aýallaryň özleriniň kärdeş erkeklerinden örän rehimsizdigini olar bilen iş salşyp görýänler aýdýarlar.

Serdar Gulgeldiýew türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG