Sepleriň elýeterliligi

Tanymal ýugoslaw dissidenti aradan çykdy


Tanymal ýugoslaw dissidenti Mihaýlo Mihaýlow 76 ýaşynda aradan çykdy.

Serbiýanyň döwlet telewideniýesi Mihaýlowyň Belgraddaky öýünde jan berendigini aýtdy.

Mihaýlow öňki Ýugoslawiýany 1978-nji ýylda, 7 ýyl türmede oturyp çykandan soň terk etdi.

Ol Günbatarda Ýugoslaw hökümetini tankyt edýän işiniň çap edilendigi üçin türmä basylypdy.

Mihaýlow 1985-nji ýylda amerikan raýaty bolýar we Ýeýl, Ohaýa döwlet uniwersitetlerinde, Wirjiniýa uniwersitetinde, Şotlandiýada we Günbatar Germaniýada rus edebiýatyndan sapak berýär.

Mihaýlow Serbiýa 2001-nji ýylda, kommunizm synyp, Ýugoslawiýa bölünenden soň gelýär.
XS
SM
MD
LG