Sepleriň elýeterliligi

Karzaý söweş zonasyna sapar edýär


Owgan prezidenti Hamid Karzaý ýurduň günortasyndaky Marja yglan edilmedik sapara bardy. Bu ýerde ýaran güýçler Talybana garşy köpçülikleýin söweş alyp barýarlar.

Birleşen Ştatlaryň we NATO-nyň Owganystandaky güýçleriniň komandiri, general Stanliý MakKristalyň ýoldaş bolmagy bilen, Karzaý marjaly ýaşulularyň öňünde çykyş etdi.

Ol täze ele geçirilen ýerlerde howpsuzlygy üpjün etmegi, mekdepleri açmagy, ýol gurmagy, hassahana salmagy wada berdi.

Şeýle-de ol aksakgallaryň şikaýatlaryny diňledi.

Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky ýaran güýçler geçen aý Talybany Marjanyň köp ýerinden kowup çykardy.
XS
SM
MD
LG