Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Palestinalylar Ysraýyl bilen gepleşige razy


Palestin ýolbaşçylary Birleşen Ştatlaryň araçylygynda Ysraýyl bilen parahatçylyk gepleşiklerine başlamaga razy boldular.

Bu karar Palestin Azat ediş guramasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň ýygnagynda kabul edildi.

Birleşen Ştatlaryň araçysy Jorj Mitçel bu barada Ýerusalimde, Ysraýylyň premýer ministri Benýamin Netenýahu bilen duşuşanda aýtdy.

Bu habar ABŞ-nyň wise prezidenti Jozef Baýdeniň bu ýerlere sapara başlamagyndan bir gün öň ýaýrady.

Palestinalylar Ysraýyl bilen gepleşikleri 2008-nji ýylyň dekabrynda, Gaza zolagyna hüjüm edilmegi sebäpli kesipdiler.
XS
SM
MD
LG