Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda onlarça jeňçi hökümete goşuldy


Pitneçi toparlaryň arasynda özara söweşleriň dowam etmegi bilen, yslamçy jeňçileriň onlarçasy gaçyp, owgan hökümetiniň tarapyna geçdi.

Polisiýanyň sözçüsi Laal Mohammad Ahmadzaý Hezbi-Yslamy toparynyň 11 komandiriniň we 68 nökeriniň gaçyp, hökümetiň tarapyna geçendigini aýtdy.

Demirgazykdaky Baghlan welaýatynyň jeňňel Bag etrabynda Talyban jeňçileri bilen Hezbi-Yslamy toparynyň agzalarynyň arasynda söweş gidýärdi.

Polisiýa bu söweşde jeňçileriň 60 çemesiniň, asuda ilatdan bolsa 19 adamyň öldürilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG