Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa, ABŞ yrakly saýlawçylaryň batyrgaýlygyny gutlaýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama yraklylaryň «zorluk hereketlerine» garamazdan parlament saýlawlaryna gatnaşygyna ýokary baha berdi.

«Men yrak halkyny amerikan halkynyň adyndan şu taryhy saýlawdaky batyrgaýlyklary bilen gutlaýaryn» diýip amerikan prezidenti aýtdy.

Ol yraklylaryň zorluk-süteme garaman, öz ýurtlaryny gurmak üçin öňe tarap ädim edendiklerini we Birleşen Ştatlaryň olary bu işde goldamagyny dowam etdirejegini nygtady.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Katerin Aşton hem yrak halkynyň batyrlygyna ýokary baha berdi.
XS
SM
MD
LG