Sepleriň elýeterliligi

«Rubin» Orsýetiň Superkubogyny utdy


Orsýetiň futbol boýunça çempiony «Rubin» Superkubogy utdy. 7-nji martda Moskwanyň «Lužniki» stadionynda Orsýetiň resmi futbol möwsümi başlandy.

Orsýetiň Superkubogy ugrundaky ýaryşda «Rubin» SSKA-ny 1 nol hasabynda ýeňmegi başardy. Oýnuň dowamyndaky ýeke-täk pökgini Aleksandr Buharow tora saldy.

Bu «Rubiniň» öz taryhynda Orsýetiň Superkubogyny ilkinji gezek utuşydyr.

Kazanlylar 2009-njy ýylda hem Superkubok ugrundaky ýaryşa gatnaşypdylar. Ýöne ol gezek SSKA 2-1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.
XS
SM
MD
LG