Sepleriň elýeterliligi

Halkara Aýallar güni bellenýär


Şu gün Halkara aýallar güni. Bu gün dünýäniň köp ýerinde aýallar babatda gazanylan üstünlikleri dabaralandyrmak üçin bellenip geçilýär.

BMG-niň baş sekretary Ban Ki Mun Halkara aýallar güni mynasybetli ýaýradan beýanatynda soňky 15 ýylda aýallar babatdaky progresiň köp sany gowy mysallarynyň görlendigini aýtdy.

Ýöne ol aýallara garşy adalatsyzlygyň we kemsitmäniň hemme köp ýerlerde saklanyp galýandygyny belledi.

BMG-niň başlygy aýallaryň 70-% çemesiniň ömründe azyndan bir gezek zorluga duçar bolýandygyny, olaryň bu sütemi köplenç öz ýakyn adamlaryndan görýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG