Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan 8-nji mart baýramçylygyny dabaraly çäreler bilen belleýär. Şekillendiriş we dekoratiw-amaly sungatynyň sergileriniň, forumlaryň, konsertleriň, spektakllaryň we ýaryşlaryň paýtagtda hem ýurduň beýleki ýerlerinde geçirilýänligi resmi maglumatlarda habar berildi. Aşgabatda “Talyp gözeli – 2010” we zenan hudožnikleriň “Zenan - dünýäniň bezegi” konkurslary geçirilýär. Aýallara pul sowgatlary gowşuryldy.

Türkmenistanda aýallaryň öz saýlap alan ugry bilen meşgullanyp, olaryň mundan hem ruhy taýdan kanagatlanmagy hem-de maddy taýdan peýda görmegi, hakykatdan bagtly bolmagy üçin döwletiň mydama alada edip, ähli şertleri döretjegini G.Berdimuhamedow aýtdy.

Şu günki gün türkmen zenanlary döwleti dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda, ylym, bilim, medeniýet ugurlarynda zähmet çekýärler, jemgyýetçilik guramalarynda uly wezipeleri eýeleýärler.

Türkmenistanda aýallaryň syýasy-jemgyýetçilik roly güýçlenýär. Türkmenistanyň parlamentinde aýallaryň sany ozalky ýyllara garanda köpeldi.

Aýallar ministrliklere, dürli döwlet edaralaryna ýolbaşçylyk edýärler. 2007-nji ýylda Türmenistanda parlamentiň başlygy wezipesine ilkinji gezek zenan bellenildi.

Emma synçylar ýurtda zenanlaryň oýnaýan esasy rolunyň olaryň öz maşgalalaryna we sosial durmuşyna degişlidigini belleýärler, maşgalalaryň ekleýjisi wezipesini köplenç aýallaryň ýerine ýetirýänligini aýdýarlar.

Zenanlaryň gazanç çeşmesi

Türkmenistanly Bahar aýal-gyzlaryň gazanç edýän ugurlary barada gürrüň berip, el işiniň esasy girdeýji çeşmesi bolup durýanlygyny aýtdy: “Öz ogluny-gyzyny okatmak, eklemek üçin aýallar el işini edip, bazara çykaryp satýarlar”.

Baharyň sözlerine görä, haly dokamak, milli egin-eşikleri tikmek, keşde çekmek, tahýa bejermek we jorap
örmek ýaly milli çeperçilik önümlerine ýurtda bolan talap we el işini öwrenmäge islegler gitdigiçe artýar. Türkmenistanda bu ugurdan okadýan ýörite mekdeplere garanda, aýal-gyzlaryň el hünärlerini birek-birekden öwrenmek tejribeleriniň has giňden ýaýranlygyny Bahar gürrüň berdi.

Türkmen geýimleri, keşdeli tahýalar ýaly milli harytlara we ilkinji nobatda türkmen halylaryna daşary ýurtlylar tarapyndanam gyzyklanma güýçlenýär. Şu günki gün şeýle önümler ýurduň daşyna esasan maýda söwda arkaly aşyrylýar.

Milli sungaty, çeperçilik önümlerini soňky döwürde Türkmenistan tarapyndan daşary ýurtlarda ýygy-ýygydan geçirilýän resmi halkara sergilerinde-de görmek mümkin.

Emma şeýle önümleriň esasy hyrydary Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň özleri bolup durýar. Türkmenistanyň okuw jaýlarynda, döwlet edalarynda geýim düzgüni resmi taýdan girizilmedik hem bolsa, milli egin-eşiklerini geýinmek talaby berk berjaý edilýär. Milli geýimleriň reňkine we görküne degişli talaplar bolsa yzygiderli üýtgäp durýar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Myrat Gurbanyň sözlerine görä, Daşoguzda işe gyzyl köýnek, ýaşyl ýa-da gök begres geýinmeli. “Aşgabatda gyzyl köýnek we gyzyl begres ýa-da gyzyl çabyt geýinmeli. Häzirki wagatda jygyllykda has ýörgünli harytlar tahýa, çabyt, begres hem-de gyzlaryň ötürme saçlary bolup durýar”.

Türkmenistanda köne-egin eşikleriň söwdasynyň-da örän ýörgünlidigini we girdeýjilidigini hem synçylar aýdýarlar. Köne çabytlar, köýnekler satyn alynýar we gaýtadan bejerilip geýilýär. Bu köpler üçin has elýeterli bolýar.

El işi ýa bilim?

Seýle ýagdaýda Türkmenistanda girdejili söwda-satyk ugry we el işleri bilen meşgullanmaga islegler hem artýar. Emma şunuň bilen birlikde aýal-gyzlaryň arasynda bilime bolan gyzyklanmanyň azalýanlygyna synçylar ünsi çekýärler.

“Türkmen Helsinki fondunyň” başlygy Täjigül Begmedowa munuň sebäbini Türkmenistandaky sosial-ykdysady kynçylyklar bilen düşündirýär.

T.Begmedowa agyr işsizligiň we milli çeperçilik önümlerine bolan uly talabyň aýal-gyzlaryň arasynda el işlerine höwesi artdyrýanlygyny bellemek bilen ýurtda orta hünärmentlik we ýokary okuw jaýlarynda okamak mümkinçiliginiň örän çäkli bolmagynyň-da munuň çynlakaý sebäpleriniň ýene birdidigini aýtdy.

Soňky döwürde Türkmenistanyň syýasy durmuşynda aýallaryň roly belli bir derejede güýçlenýän hem bolsa, aýallaryň ýurduň durmuşynyň ähli ugurlarynda has aktiw rol oýnap başlamagy we türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine golaýlamagy üçin has düýpli çäreler talap edilýär.

Täjigül Begmedowanyň pikirine görä, eger Türkmenistan ýaşlar üçin bilim almaga giň mümkinçilikleri döretse, gyzlaryň köpüsi bilim ýoluny saýlap alardy, jemgyýetiň bilim derejesi ýokarlanardy, ösüş emele gelerdi.

“Iş orunlaryny döretmeli. Iş orunlary diýilende, agyr zähmeti, gara güýji talap edýän iş göz öňünde tutulmaýar. Bu ýokary bilimi talap edýän: inženerler, mugallymlar, terbiýeçiler, repetitorlar ýaly hünärlere degişli” diýip, “Türkmen Helsinki fondunyň” başlygy Täjigül Begmedowa aýtdy.

Ýurduň habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Türkmenistanda şu ýyl aýal-gyzlara döwlet tarapyndan 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli pul görnüşindäki sowgatlar gowşuryldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG