Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ženewada adam hukuklary maslahatlaşylýar


Adam hukuklary, çydamlylyk we demokratiýa barada şu gün Ženewada iki günlük duşuşyk başlandy. Bu ýokary derejeli duşuşyga dissidentler, diplomatlar we hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar.

Duşuşygyň maksady adam hukuklarynyň bozulmagyndan ejir çeken adamlara öz gören azaplaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik bermek.

Duşuşykda çykyş edýänleriň, oňa gatnaşýan myhmanlaryň arasynda Owganystan, Eýran, Hytaý we Demirgazyk Koreýadan aktiwistler bar.

Bularyň biri tanymal uýgur baştutany Rabyga Kadyr, ýene biri hem Owganystanyň öňki Aýallar Ministri, 2004-nji ýylda prezidentlik saýlawlaryna kandidat bolup gatnaşan Massouda Jalal.

Dr. Jalal eden çykyşynda Owganystanda aýallaryň gündelik durmuşda köp kynçylyk çekýändigini, saglygy goraýyşa we okuwa-bilime elýeterliligiň çäklidigini, şeýle hem aýallaryň konserwatiw jemgyýetde medeni hem dini gysyş astyndadygyny aýtdy.

“Aýallaryň bilim almagyny kynlaşdyraýan hakyky faktor mekdeplerde we ýollarda howpsuzlygyň ýoklugy. Köp gyzlar gorkuzylýar, köpüsiniň ýüzüne kislota sepildi. Bu hadysa az bolanok. Ene-atalara gyzlaryny mekdebe ibermezlik üçin bir şunuň özi-de ýeterlik delil diýip Jalal aýtdy.

Jelalyň aýtmagyna görä, ýene bir faktor-da mekdepleriň uzak ýerlerde ýerleşýänligi, mekdeplerde hajathana ýagdaýynyň gowy däldigi hem-de mugallym zenanlaryň sanynyň azlygy. “Munuň üstesine-de maşgalalar aýallaryň bilim almagyna ýokary baha berip duranok”.

Hytaý we Eýran gün tertibinde

Duşuşygyň gün tertibinde ýokary orunda duran ýene bir tema Hytaýda adam hukuklarynyň ýagdaýy, Tibetde hökümetiň milli azlyklara görkezýän gysyşy, şeýle hem internet senzurasy boldy. 1989-njy ýylda ýüz beren Týananmen protestlerine aktiw gatnaşan Jianly Ýang: “Hökümet näçe jan etse-de, interneti jylawlap bilmez” diýdi.

“Ine, aradan salym geçmän, beýik ot diwaryndaky deşikler şeýle köpeler welin, olary asla ýamap bolmaz. Internete kontrollyk bolmasa, Hytaý bir milliard ilatyň islegine kontrollyk edip bilmez. Gitdigiçe ynamsyzlyk artyp, häkimiýet başyndaky elita deňagramlylygy ýitirip, taýar. Onsoň Hytaýyň bir milliard ilaty özleriniň gul däldiklerine düşünerler” diýip, Ýang aýtdy.

Sammitiň ertirki, ýagny 9-nji martdaky, temasy adam hukuklarynyň Eýrandaky ýagdaýy bolar. Munda hem çykyş etjekleriň biri Kaspian Makan. Ol Neda Aga Soltanyň adaglysy. Öten ýylyň iýunynda geçen prezidentlik saýlawyndan soň turan protestlerde atylyp öldürilen Neda Eýranda Mahmud Ahmedinejadyň hökümetine görkezilýän garşylygyň simwolyna öwrüldi.
XS
SM
MD
LG