Sepleriň elýeterliligi

NATO Yrakda geçirilen saýlawlara gowy baha berdi


NATO-nyň baş sekretary Andres Fog Rasmussen şu günki eden çykyşynda Yrakda parlament saýlawlaryň geçirilmeginiň ýurduň doly demokratiýalaşdyrylmagy ugrundaky “möhüm ädim” bolanlygyny aýtdy.

Ýekşenbe güni geçirilen şol saýlawlara millionlarça adam gatnaşdy.

Ses berişlik güni amala aşyrylan dürli hüjümlerde 38 adamyň heläk bolanlygy habar berilýär.

Yragyň saýlaw komissiýasy ses berişligiň deslapky tapgyrynyň netijeleriniň geljekki 1-2 günüň dowamyndan yglan ediljekdigini habar berdi.

325 agzadan ybarat parlamente agza bolmak üçin 6200 kandidat dalaş etdi.

Bu ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň 2003-njy ýylda Yraga baryp, Saddam Hüseýiniň häkimiýetini agdarandan soňra, parlament saýlawlary boýunça bu ýurtda geçirilen ikinji şeýle ses berişlikdir.
XS
SM
MD
LG