Sepleriň elýeterliligi

Amerikanyň goranmak sekretary Kabula bardy


ABŞ-nyň Goranmak sekretary Robert Geýts şu gün Owganystanyň paýtagty Kabula bardy.

Ol Talyplara garşy alnyp barylýan göreşde agyr günleriň garaşýanlygyny hem duýdurdy.

Geýts Kabula barýarka uçarda žurnalistlere beren maglumatynda, yslamçy söweşijilere garşy alnyp barylýan göreşe, şol sanda Talyplaryň Helment welaýatynda ýerleşýän merkeziniň ele geçirilmegine oňyn baha berdi.

Geýts bu barada gowuşýan “deslapky oňyn yşaratlara” garamazdan, “agyr çaknaşyklara we agyr günlere garaşylýanlygyny” hem ýatlatdy.

Geýts Eýranyň prezidenti Ahmedinejada ýüzlenip, Birleşen Ştatlarynyň Owganystanda alyp barýan işlerine Tähran zelel ýetirmäge synanyşan ýagdaýynda, oňa berk jogap beriljekdigini hem belledi.
XS
SM
MD
LG