Sepleriň elýeterliligi

Eýran reformaçy žurnalisti türmä basdy


Eýranyň şikaýat sudy reformaçy žurnalisti bäş ýyl türmä basmaly etdi.

Oppozisiýa lideri Mir Hosseýin Musawiniň Kaleme.org websaýty žurnalist Bahman Ahmadi Amoýiniň türme möhletiniň 7 ýyldan 5 ýyla getirilip, oňa 74 gamçy urmaly edilendigini ýazýar.

Aboýi oppozisiýa goldawçylary basylyp ýatyrylanda tussag edilipdi.

Rahesabz.net websaýty bolsa Abdolla Momeni, Mehdi Foruzandepur, Ehsan Mehrabi, Akbar Montajabi we Wahid Purostad ýaly aktiwistleriň azat edilendigini ýazýar.

Olar hem saýlawdan soňky protestler basylyp ýatyrylanda tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG