Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Yrak saýlawlarynyň başky netijeleri çap ediljek


Yrakda ýekşenbe güni geçirilen parlament saýlawlarynyň käbir welaýatlar boýunça başky netijeleriniň şu gün çap edilmegine garaşylýar.

Sesleriň hemmesi duşenbe güni sanalyp gutarylar.

Resmiler premýer ministr Nury al-Malikiniň ýolbaşçylygyndaky Kanun döwleti koalisiýasy bilen öňki premýer ministr Aýad Allawiniň baştutanlygyndaky Yrak dünýewi ýaranlygynyň öňde barýandygyny aýdýarlar.

Saýlaw resmileriniň tassyklamagyna görä, 2003-nji ýylda Saddam Hüseýin agdarylaly bäri geçýän ikinji parlament saýlawyna 19 million çemesi saýlawçynyň 62 prosenti gatnaşdy.
XS
SM
MD
LG