Sepleriň elýeterliligi

Eýran 82 ýaşly şahyry ýolundan saklaýar


Eýran tanymal şahyr Simin Behbahani Parižde Halkara aýallar gününe bagyşlanan dabara goýbermedi.

Kaleme websaýty onuň iki sany aňtaw ofiseri tarapyndan Tähran aeroportunda saklanandygyny we pasportunyň elinden alnandygyny habar berdi.

82 ýaşly Behbahani bu dabara Pariž häkimiýetleri tarapyndan çagyrylypdy.

Ol öz goşgulary we Eýranda aýallaryň hukuklaryny goramak babatda alyp barýan göreşi bilen gowy tanalýar.

Şeýle-de 2009-njy ýylyň iýunynda geçen dawaly prezident saýlawlaryndan soňky protestler esasynda türmä basylan adamlary azat etmek baradaky açyk hatlaryň ählisiniň aşagynda onuň goluny görmek bolýar.
XS
SM
MD
LG