Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl bilen palestinalylar gepleşige başlady


Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň sözçüsi Filip Krowli palestinalylar bilen ysraýyllylar amerikan wekili Jorj Mitçeliň araçylyk etmeginde gytaklaýyn parahatçylyk gepleşiklerine başladylar diýýär.

Krowli Mitçeliň Waşingtona dolanyp gelýändigini we bu barada döwlet sekretary Hillari Klintona maglumat berjegini aýtdy.

Günbatar kenardaky palestin ýolbaşçylary geçen hepde Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky gytaklaýyn gepleşiklere gatnaşmaga razylyk berdiler.

Birleşen Ştatlaryň wise prezidenti Jo Baýden Ysraýyl bilen palestinalylaryň arasyndaky gepleşikleri gaýtadan başlamak üçin üç günlük sapar bilen Ysraýyla geldi.

Şularalykda Ysraýyl Günbatar kenardaky ýewreý obasynda 112 sany täze jaýyň gurluşygyny tassyk etdi.
XS
SM
MD
LG