Sepleriň elýeterliligi

ABŞ goşunlarynyň Yrakdan çykjagyny aýdýar


Birleşen Ştatlaryň uly derejeli generaly Yragyň parlament saýlawlarynyň amerikan söweş goşunlarynyň bellenen möhletinde ýurtdan çykmagyna esas berýändigini aýdýar.

Plana görä, 2011-nji ýylyň ahyryna çenli amerikan goşunlarynyň ählisi Yrakdan çykmaly. Ekşenbe günündäki parlament saýlawlary hüjümler tolkunynyň arasynda geçdi.

Ol hüjümleriň käbiri gös-göni saýlawçylary we saýlaw stansiýalaryny nyşana alyp, 36 adamy öldürdi.

Bu saýlawda 325 parlament orny üçin 6200 çemesi kandidat bäsleşdi.
XS
SM
MD
LG