Sepleriň elýeterliligi

Jo Baýden Ysrayýlyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy


ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden Ýakyn Gündogarda parahatçylyk prosesine gaýtadan badalga bermek maksady bilen düýn 8-nji martda Ysraýyla resmi sapar bilen bardy.

Ysraýylyň prezidenti Şimon Peres bilen geçirilen duşuşykda jenap Baýden Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda parahatçylygy ornaşdyrmaga amatly pursatyň dörändigini nygtady.

Ysraýylyň premýer-ministri Beýamin Netanýahu bilen bolan gepleşiklerden soň, ABŞ-nyň wise-prezidenti Ýsraýylyň parahatçylygy ornaşdyrmak uguryndaky käbir töwekgelçiliklere taýýardygyna ynanýandygyny aýtdy.

Beýamin Netanýahu Ysraýylyň howpsyzlygy bilen bagly ileri tutulýan meseleleriň hataryna Palestina we beýleki arap goňşylary bilen parahatçylygy ýola goýmak hem-de Eýrana ýadro ýaragyny edinmäge böwet döretmek ýaly meseleleriň bardygyny aýtdy.

15 aýyň dowamynda hiç hili özara gepleşik geçirmedik Ysraýyl bilen Palestina 8-nji martda ABŞ-nyň araçylygyndaky gepleşiklere başlamaga taýýardyklaryny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG