Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen diplomaty Myrat Çaryýew aradan çykdy


Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky hem Azerbeýjandaky ilçisi bolup işlän Çaryýew Myrat Baltaýewiç şu gün agyr keselden soň 59 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada onuň hossarlary Azatlyk Radiosyna habar berdi.

1951-nji ýylda doglan Myrat Çaryýew Türkmen döwlet pedagogiki institutynyň Iňlis dili fakultetini tamamlap, 1990-njy ýyllardan soň hökümet işlerinde işledi.

Türkiýede we Ysraýylda ilçi bolup işlän Nurmuhammet Hanamow, Myrat Çaryýewi şeýle ýatlady: “Myrat Çaryýew guramaçy, işeňňir, gaty aktiw adamdy. Yzy ýarasyn, çagalaryna sabyr bersin.”
XS
SM
MD
LG