Sepleriň elýeterliligi

logo-print

13 ýyl mundan ozal Azerbaýjanyň öňki prezidenti Haýdar Aliýew Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahuwy Bakuwda kabul edeninde, muňa batyrgaý hem syýasy taýdan töwekgelçilikli karar diýip garalypdy. Ýöne ol wagt ýokary derejeli myhmanyň öňünde gyzyl haly ýazylyp, duşuşyk ulaldylyp ýörülmändi.

Bu gün bolsa bular ýaly ätiýaçlygyň geregi ýok. Sebäbi Ysraýylyň ýolbaşçylarynyň Azerbaýjana sapary ýurduň öz içinde jedelli tema bolup duranok.

Muňa garamazdan, iki ýurduň arasyndaky bu aýratyn gatnaşygy dogry häsiýetlendirmek aňsat däl. Daşynadan syn edýänleriň käbiri oňa tüýs ýaramly ýaranlyk diýse, käbirleri ony abanyp gelýän howp hasaplaýar.

Azerbaýjan esasy ilaty şaýylardan durýan ýurt. Etnik azerileriň köplügi hem goňşy Eýranda ýaşaýar. Muňa garamazdan, Bakuwyň gizlin maglumat alyp-berişýäni, ýarag satyn alýany, howpsuzlyk meselesinde bil baglaýany ýahudy döwleti Ysraýyl.

Üstesine-de bu näresmi ýaranlyk Orsýet bilen Eýranyň regionda agalyk üçin oýnaýan geosyýasy oýnuny ýumrarly görünýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şunça ilerlänligini, birek-birege ynamyň şunça berkänligini nazara alanyňda, Azerbaýjan bilen Ysraýylyň arasyndaky 18 ýyllyk diplomatik gatnaşykdan ýekeje-de resmi şertnamanyň gelip çykmanlygy adamy geň galdyrýar.

Galybarse-de, “Ysraýylda ilçihana açmak işini Azerbaýjan häkimiýetleri näme üçin gümürtiklige salýar?” diýen soragy beresiň gelýär. Bu soragyň jogaby Eýran bilen aradan tapylsa gerek.

Eýran faktory

“Azerbaýjan bilen Ysraýylyň arasyndaky dostlukly gatnaşygy Eýranyň näme üçin ähli mümkin bolan serişdeler bilen bökdemek isleýändigine bu gün hemmeler düşünýändir” diýip, Knesetiň (Ysraýylyň parlamenti) öňki agzasy, Bakuwda doglan Josef Çagall aýdýar. Ol soň hem: “Baku bilen Iýerusalimiň arasynda ilteşik güýjese, Eýranyň şonça gowşajakdygyna Tähranyň doly gözi ýetik” diýip, sözüniň üstüne goşýar.

Regionda ýolbaşçylyga ymtylýan Eýran Azerbaýjanyň öz yzyna eýermegini isleýär. Dünýewi sistemasy Yslam režimini biynjalyk edýän Azerbaýjan bolsa Tähranyň yzyna eýermek-hä däl, Eýran prezidentiniň ganym duşmany bilen dostlaşyp, gyzyl çyzykdan-da çykýar.

Eýran Azerbaýjan bilen Ysraýyly biri-birinden daşlaşdyrarlyk ýagdaýda bolmasa-da, şu wagta çenli bir zady-ha başardy: Tährandan gelýän gysyş zerarly Azerbaýjan şu çaka çenli Ysraýylda ilçihana açman gelýär. Baku bu işi eden ýagdaýynda ýeke Eýran däl, eýsem tutuş musulman ýurtlaryň Ermenistan bilen konfliktde özüni goldamagyny bes etmeginden gorkýar.

“Häzir tutuş dünýäde gysyş astyna düşen Ysraýyl üçin Azerbaýjan bilen gatnaşyk örän ähmiýetli. Aýratyn-da Eýranyň häzirki ýadro energiýasy boýunça başarnygy Ysraýylyň daşary syýasatynda esasy orny eýeleýän mahaly” diýip, Orta Gündogar eksperti Aran Amnon aýdýar.

Azerbaýjan üçin hem Ysraýyl bilen gatnaşyklary güýçlendirmäge ýeterlik deliller bar. Ysraýyl harby enjamlaryň çeşmesi bolup durýar. Azerbaýjanyň howpsuzlyk çärelerinde hem Ysraýyl möhüm rol oýnaýar. Galyberse-de, Azerbaýjan 25 müň töweregi ýahudynyň ýaşaýan watany.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG