Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: Köp aýallylyk zenanlara zarba urýar


Bişkekde ýerleşýän “Nika öýi”
Bişkekde ýerleşýän “Nika öýi”

Maşgala instituty öýlenmek we durmuşa çykmak arkaly birleşýänleriň durmuşyna kämillik we howpsuzlyk getirmek maksadyna esaslanýar. Emma Merkezi Aziýada köpaýallylygyň ýaýbaňlanmagy aýallary maşgala durmuşynda agyr güne salýar.

Aýnagül 58 ýaşynda. Ol Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkegiň ýaşaýjysy. Aýnagüliň durmuşa çykanyna 34 ýyl boldy, onuň dört çagasy we birnäçe agtyklary bar. Onuň adamsy sowet döwründe ýolbaşçy wezipelerde işläp, soňky ýyllarda telekeçilik bilen meşgullanýar we dine uýýar.

Aýnagüliň maşgala durmuşy iki ýyl mundan ozal çürt-kesik üýtgedi. Onuň adamsy ençeme günläp öýüne gelmän başlansoň, başda munuň sebäbini düşündirmedik hem bolsa, soňra ikinji aýal edinenini boýun alypdy.

“Meniň adamym örän dinçi. Ol günde bäş gezek namaz okaýar. Şargyda eýerýär. Ol hatda Haja-da gidip geldi. Muňa garamazdan, ol öz çagalary bilen ýaşy deň gyza öýlendi, maňa-da hiç zat aýtmady. Ol molla çagyryp, nikalaşanlygyny aýdýar. Siz dinçi adamdan şeýle zada garaşarmydyňyz?” diýip, Aýnagül soraýar.

Yslam nikasy we aýallaryň hukugy

Yslam däp-dessurlaryna laýyk nikalaşmak Merkezi Aziýada adata öwrüldi. Regionda sowet häkimiýeti dargansoň emele gelen boşlugy yslam däp-dessurlary eýeledi. Emma bu köp aýallaryň durmuşyna ýaramaz täsir ýetirip başlady. Ýazylyşylan nikasyz aýallar özlerini goragsyz duýýarlar.

Adamsynyň ikinji aýal almagy Aýnagüle agyr zarba boldy. Ol bu ýagdaýy çagalaryndanam, garyndaşlaryndanam, tanyş-bilişlerindenem ýaşyrmaga çalyşdy. Emma iki ýyllap dowam eden şeýle ýagdaýda Aýnagülüň saglyk ýagdaýy erbetleşensoň, onuň syryny bilýän aýal dogany Bişkekde işleýän “Sezim” atly aýallar merkezine ýüz tutmaly boldy.

“Sezim” merkeziniň müdiri Bubusara Ryskulowa Gyrgyzystanda aýallaryň hak-hukuklaryny goraýjy görnükli aktiwistleriň biri. “Sezim” merkezi aýallara psihologik taýdan ýardam berýär, olary kanunlar boýunça konsultasiýalar hem ýaşamak üçin wagtlaýyn jaý bilen üpjün edýär. Bubusara Ryskulowa aýallar merkezine ýardam sorap gelýän aýallaryň gitdigiçe kopelýänligini aýdýar.

“Biz aýllara näme etmelidigini maslahat berip bilmeýäris. Emma biz olar bilen gepleşýäris. Olaryň öz durmuşyny gözden geçirip, analiz etmegine we çykalga tapmagyna ýardam berýäris. Aýnagül bize ýüz tutanda örän erbet ýagdaýdady. Ol ukudaky adamsynyň üstünden gaýnag suw guýmakçy bolanlygyny gürrüň berdi. Ol şeýle ýaşanyndan ölenini gowy görýändigini aýtdy” diýip, B.Ryskulowa gürrüň berýär.

Yslam nikasy erkeklere dört aýal almaga rugsat berýär. Emma, adatça, muňa ilkinji aýallarynyň rugsady bolmaly. Köp aýally bolmak isleýän adam aýallarynyň we çagalarynyň ählisini eklemäge we olary maddy taýdan üpjün etmäge ukyply bolmaly.

Emma yslam nikasynyň Gyrgyzystanda kanuny güýji ýok. Adamsynyň aýrylyşmagy ýa ölümi aýallaryň we çagalaryň goldawdan doly mahrum bolmagyna şert döredýär.

“Köpaýally bolmak üçin esas bolmaly”

Gyrgyzystanyň meşgur dindarlarynyň biri Abdyşükür Narmatow yslam erkek adama köp aýally bolmaga rusat berýän hem bolsa, aýal üstüne ýene öýlenmek üçin düýpli esasyň bolmalydyny aýdýar.

“Yslamda iki, üç ýa dört aýally bolmaga hiç kim borçly edilmeýär. Musulman adam diňe muňa hakyky sebäp bolanda, meselem, aýaly hassa, ýa çagasy bolmadyk ýagdaýynda öýüne ýene aýal getirýär. Emma ol öňki aýalyndan rugsat soramaly däldir. Sebäbi haýsy bir aýal muňa öz razylygyny berer?” diýip, Abdyşükür Narmatow aýtdy.

“Sezim” we Gyrgyzystanyň aýallara ýardam berýän beýleki merkezleriniň maglumatlaryna görä, şeýle guramalara ýardam sorap, ýüz tutan zenanlaryň sany geçen ýylda 40 % artdy we sekiz müň adamdan aşdy. Ýüz tutýanlaryň köpüsi köpaýallylygyň we dünýewi düzgünlerden daşgary nikalaryň pidalary.
XS
SM
MD
LG