Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň pul fonduny döretmek teklip edilýär


Ýewropanyň öz pul fonduny döretmek baradaky teklip ara atylan badyna bu pikir köpleriň goldawyny gazandy. Bu teklibi ilkinji bolup agzan Germaniýanyň Maliýe ministri Woflgang Şoýble boldy.

Woflgang Şoýble 6-njy martda “Welt an Sonntag” gazetine beren interwýusynda: “Gresiýanyň bergi krizisi ýaly ýagdaýlara garşy göreşmäge Ýewropa Bileleşigine Halkara walýuta fondy ýaly edara gerek” diýdi.

Şoýble şol interwýusynda özüniň Halkara pul fondy bilen bäsdeşlik etjek bir guramany göz öňünde tutmaýanlygyny nygtap: “Bu organ ýewro zonasynyň durnuklylygynyň aladasyny etmeli” diýdi.

Halkara walýuta fondunyň dünýä derejesinde iş alyp barşy ýaly, Ýewropanyň pul fondy hem ýewro zonasynda kynçylyga düşen ýurtlary kredit bilen üpjün etmeli. Ol özüne ýüz tutan ýurtlara ýagdaýyny düzetmäge guramaçylyk kömegini hem bermeli.

Sebäp hem maksat

Ýewropa Bileleşiginiň sözçüsi Amadeu Altafaj Tardionyň aýtmagyna görä, iň möhümi krizisleriň abanyp gelýändigini öňünden aňyp, olaryň öňüni almak üçin gerekli çäreleriň görülmegi.

“Biz häzirki wagtda hemmetaraplaýyn açyk çekişmäniň içinde. Hem krizisli ýagdaý döräninde oňa garşy çäre görmegiň hem-de öňünden onuň aladasyny etmegiň ýollaryny we usullaryny agtarýarys. Men aýratyn-da ikinji elementiň, öňünden çäre görmegiň möhümdigini nygtamak isleýärin. Ýewro zonasyna degişli ýurtlaryň arasynda ykdysadyýet köpräk koordinirlenmeli diýýänimiziň sebäbi şol” diýip, Tardio aýtdy.

Tardio: “Ýewropanyň pul fondy Gresiýa kömek etmek üçin döredilenok. Ol gurulýança entek wagt gerek. Maksat indiki problemalaryň öňüni almak”.

Goldaýanlar we goldamaýanlar

400 milliard töweregi bergili Gresiýa häzir gymyldar ýaly ýagdaýda däl. Onuň bergilerini wagtynda töläp biljekdiginiň näbellidigi zerarly ýewronyň bahasy soňky hepdelerde ep-esli aşaklady.Gorky döredýän ýene bir zat-da bu näbelliligiň ýewro zonasynyň Ispaniýa ýaly ykdysady taýdan gowşak beýleki ýurtlaryna-da syrygyp, ýewronyň çökmegi.

Sahnanyň esasy aktýory Almaniýanyň Kansleri Angela Merkel 8-nji martda Ýewropanyň pul fonduny döretmek baradaky pikiri goldap, ony “gowy” hem “gyzykly” teklip diýip atlandyrdy. Ol: “Ýöne bu ugurda edilmeli işler entek köp” diýdi.

Ýewropanyň öz pul fondy bolmaly diýlen teklibi goldamaýanlar-da bar. Ýewropanyň Merkezi Bankynyň dolandyryjy toparynyň agzasy Ýürgen Stark bu teklibi ýiti tankytlady. Onuň garaýşyça, bu maliýe ýagdaýy berk ýurtlary jezalandyrmakdan başga zat däldir.
XS
SM
MD
LG