Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen forsažy


Soňky bäş-alty ýyllykda Türkmenistanda maşynlaryň sany juda artdy. Ýurduň paýtagty Aşgabatda maşynyň köplügi has-da bildirýär. Irden sagat sekiz bilen onuň, öýlän sagat bäş bilen sekiziň aralygynda paýtagtyň köçelerinde maşynlaryň hereketinden ýaňa şäheriň esasy köçelerinde ulaglaryň dykynlary emele gelýär.

Maşynlaryň köpelmeginiň esasy sebäbi ýurda ozal ulanylan köne maşynlaryň juda kän getirilmegi bilen baglydyr. Türkmenistana, esasan, «Toýota», «Opel», BMW awtoulaglarynyň ozal ulanylanlary getirilýär. Bu awtoulaglaryň elýeterli bolmagy ýurduň ýaşaýjylarynda olara bolan islegi gün geldigiçe artdyrýar.

Daşary ýurduň awtoulaglaryndan başga, sowet döwründen galan köne «Žiguli» markalaryna hem islegler uly. Sowet döwrüniň könelişen «Žiguli» markalaryna paýtagtyň käbir ýaşlary hem höwes bildirýärler. Olar sowet döwrüniň maşynlaryny ozalky eýelerinden arzan baha satyn alýarlar. Bu awtoulaglara ýaşlaryň isleg bildirmeginiň öz sebäbi bar.

«Žiguli» awtoulaglary beýleki maşynlara garanyňda juda arzan. 1970-1980-nji ýyllarda öndürilen bu maşynlaryň bahasy ortaça 1500-2000 amerikan dollar töweregi bahalandyrylýar. Ýaşlar bu awtoulaglary satyn alyp, düýpli abatlaýyş bejergilerini geçirýärler. Gymmat bahaly ses gataldyjylary oturdyp, ulagyň daşynyň reňkini bolsa düýpgöter başga reňke boýadýarlar. Üç müň dollar töwereginde remont işleri geçirilýän bu awtoulaglar şeýle bir modernleşýär welin, Döwlet ýol gözegçilik gullugynda tehniki gözegçilikden geçirilişde ol awtoulaglar dawa-jenjeliň öýjügine öwrülýär. Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tanalmaz derejede modernleşdirilen bu maşynlary tehniki gözegçilikden geçirmeklige garşy bolýarlar. Ýöne şonda-da, ýaşlar olaryň dillerini tapmagy başarýarlar.

«Žiguli» awtoulaglarynyň şeýle derejede modernizasiýalaşdyrylmagynyň sebäpleriniň biri paýtagtyň ýaşlarynyň arasynda özara awtoýaryşlara gatnaşmak höwesiniň artmagy bilen hem baglydyr. Bu ýaryşyň owazasy hasam soňky bir ýylyň dowamynda artdy. Ýaşlar, esasan, «Žiguli» awtoulaglaryny modernleşdirip, gije sagat on ikiden soň öz aralarynda ýaryş gurap, bäsleşýärler.

«Žiguli» markasynyň ýedinji goýberilişi ýaşlaryň arasynda has hem meşhurdyr. Özi hem bu markanyň ak reňki. Mundan başga-da «Žiguliniň» «dokuzynjy» we «togsan dokuzynjy» diýlip atlandyrylýan markalaryna ýaşlaryň arasynda gyzyklanma uly.

Howply ýaryş


«Türkmen forsažy» diýip at alan bu ýaryş ilki paýtagtyň etegindäki Berzeňňi raýonynyň töwereginde, Arçabil şaýolunyň ugrunda geçirilip ugraldy. Bu ýaryşa esasan, «Žiguli» awtoulaglarynda gatnaşylýar. Sebäbi bu markalaryň bahasy beýleki awtoulaglaryň markalaryndan has elýeterli. Onsoňam, bäsleşikde ulaga zeper ýetäýende-de, çykdajysy beýle çökder bolanok. Ýaryşlara «Žiguli» markalaryndan başga markalaryň hem gatnaşýandyklaryny aýtmak gerek. Ýöne «türkmen forsažynda» ýaryşlar her markalaryň öz aralarynda geçirilýär.

Berzeňňi raýonyndaky köçelerdäki geçen ýaryşlaryň birinde awtoulaglaryň agdarylyp, heläkçiligiň ýüze çykmagy sebäpli, bu ýaryş paýtagtyň gaýra raýonlaryna geçdi.

Gije sagat on ikiden soň, paýtagtyň gaýrasyndaky «Mir», «Sewernyý» köçelerine awtoýaryşlara gatnaşmak üçin ýaşlaryň bir topary ýygnanýar. Ýaryşyň ýeňijilerine baýrak hem goýulýar. Ýaşlaryň arasyndaky bu awtoýaryş dürli bäsleşikde geçirilýär. Ýary gijeden soň maşynlaryň selçeňleşýän köçelerinde ýaşlar kim birinji gelmeşek ýaryşyndan başga-da, kim döwlet ýol gözegçilik gullugyny yzyna köp düşürip, olardan ujyz sypmak boýunça-da bäsleşýärler.

Bu awtoýaryşlaryň aňyrsynda gaty täsirli kişiniň durandygyny paýtagtyň ýaşaýjylary aýdýarlar. Şonuň üçin paýtagtyň gaýra raýonynda geçýän «türkmen forsažyna» gatnaýaşýan awtosöýüjilere döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri-de seresabrak çemeleşýärler. Dogrusy, ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri bu ýaryşlara gözlerini ýumýarlar. Olar tizligi sagatda 140-160 kilometrde şuwlap geçýän awtoulaglary saklajak hem bolmaýarlar.

Bu ýaryşa gatnaşýan bir ýigidiň döwlet ýol gözegçilik gullugynyň deňinde saklanyp, oňa: «Agam, gaýrat et-de, meni kowalaý-da, ýogsa men utulýan» diýip ýalbarýanyny paýtagtyň ýaşaýjylary gürrüň berýärler.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG