Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmentelekomyň interneti müşderi ýitirýär


Beren wadasyndan bir aý gijikdirip, ahyrsoňy 1-nji martdan Altyn asyr öýjükli aragatnaşyk ulgamy 3G internet hyzmatlaryny müşderilerine hödürledi. Munuň netijesinde türkmen raýatlarynyň arasynda internete bolan höwes gitdigiçe artyp başlady.

3G internetine birikmek üçin Altyn asyr öýjükli aragatnaşygynyň islendik nokadyna baryp, 15-20 minutyň içinde şertnama baglaşyp bolýar.

Altyn asyr öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hödürleýän internet hyzmaty MTS kompaniýasynyň internet hyzmatyndan has elýeterli. Ýagny 1GB paketiň bahasy bary-ýogy 70 manada durýar. Özi hem bu 1GB paket, bu aýdan ol aýa geçende köýmeýär.

MTS-iň 1,5 GB paketiniň bahasy 100 manat. Ýöne onuň bu hyzmaty diňe bir aýlyk möhlete niýetlenen. Şonuň üçin ýurduň raýatlarynyň köpüsi Altyn asyr öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň internet hyzmatlaryna geçip ugradylar.

Tizlik babatda Altyn asyryň interneti MTS-iňkiden çala tapawutlanýar. Bu prowaýderiň 3G internetiniň tizligi sekuntda 480 KB-tden ýokary geçmeýär. MTS-iň internetiniň tizligi hem sekuntda 480 KB. Ýöne MTS-e garanyňda Altyn asyryň internetiniň tizligi durnukly ýagdaýdadyr, ýagny MTS-iňki ýaly tizlik sekuntda peselip-beýgelip durmaýar. Durnukly tizlik “Youtube”-da wideo görmek isleýänler üçin ygtybarly hyzmat edýär.

Dükanlaryň söwdasy artýar

Altyn asyr 3G internet hyzmatynyň açylmagy netijesinde elektroniki enjamlaryny satýan dükanlaryň hem söwdasy artyp ugrady. Bu dükanlarda bar bolan 3G internet konnektorlary bir hepdäniň dowamynda müşderiler tarapyndan satyn alnyp gutaryldy.

Häzirki wagtda paýtagtyň elektron enjamlaryny satýan dükanlaryň birinde hem bahasy 50 amerikan dollary bolan 3G internet konnektorlaryny tapmak asla mümkin däl. Dükanlaryň eýeleri tiz wagtda 3G internet konnektorlarynyň Türkmenistana uly mukdarda getiriljekdigini müşderilerine wada berýärler.

3G internet konnektorlarynyň paýtagtyň dükanlarynda satyn alnyp gutarylmagyndan MTS-iň ýerli wekillikleri peýdalanmak isläp, diňe öz ulgamyna niýetlenen MTS-konnektorlaryny Altyn asyryň 3G internet ulgamyna laýyklap, ýagny «proşiwka» edip, müşderilere 70 amerikan dollary bahasy bilen satyp başladylar.

«Huaweý» kompaniýasynyň uniwersal 3G internet konnektorlaryny söwda nokatlarynda tapyp bilmedik käbir kanagatsyz raýatlaryň MTS-iň «proşiwka» edilen konnektorlaryny mejbury ýagdaýda satyn alýanlary hem bar.

“Dial-up” müşderi ýitirýär

Simsiz internet hyzmatlarynyň elýeterli bolmagynyň netijesinde müşderiler Türkmentelekomyň “dial-up” simli internet hyzmatyndan ýüz öwrüp başladylar. Raýatlaryň arasynda ozal özlerinde bar bolan Türkmentelekomyň internetini arza ýazyp ýapdyrýanlary hem bar.

Türkmentelekomyň müşderilerine hödürleýän internet hyzmaty juda gymmat hem-de hil taýdan gaty pes. Onuň internetiniň tizligi sekuntda zordan 40KB-e ýetýär.

Türkmentelekomyň internetinden gije sagat 24.00-a çenli peýdalanmak asla görgi. Bu prowaýder arkaly internete gireniňde-de on minut çemesi wagtdan aragatnaşyk ýitýär. Türkmentelekomyň internetinden diňe gije sagat 01.00-dan soň peýdalanyp bolýar.

Türkmentelekomyň internet hyzmaty üçin bir aýda 12 manat abonent tölegini tölemeli. Internet hyzmatynyň bir sagady bolsa 1 manat 20 teňňe. Adaty saýtlaryň açylmagyna esli wagtlap garaşmaly bolýandygy sebäpli, Türkmentelekomyň interneti müşderilerine görgi ýamanyny görkezýär. Onsoňam, bu prowaýder arkaly internet hyzmatyndan orta gürpde peýdalanmak üçin pesinden 100 manat harçlamaly bolýar.

Simsiz internet hyzmatlarynyň giňden ýaýramagy internet kafelerine barýan müşderileri hem özünden daşlaşdyrdy. Sebäbi internet kafeleriniň prowaýderi hem Türkmentelekom.

Paýtagta ýakyn bolan Abadan hem-de Änew şäherlerinde hereket edýän internet kafelereniň tizligi Aşgabadyňkylar bilen deňeşdireniňde juda pes. Şonuň üçin bu ýeriniň ýaşaýjylary MTS-iň hem-de Altyn asyryň “wireless” internet hyzmatlaryndan peýdalanyp başladylar.

Internetden peýdalanýan türkmen raýatlary Altyn asyr öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň 3G internet hyzmatlarynyň açylmagy bilen MTS prowaýderiniň hem ýakyn wagtlarda öz internet hyzmatynda üýtgeşmeleri girizmegine garaşýar.

Mahlasy, Altyn asyr öýjükli aragatnaşyk ulgamy bilen MTS-iň arasyndaky bäsleşik ýurduň sada raýatlarynyň peýdasyna diýip hasaplasa bolar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG