Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl täze gurluşyklary tassyklaýar, Baýden ýazgarýar


Ysraýyl günorta Iýerusalimde ýewreýler üçin gurulmaly 160 sany täze jaýyň gurluşygyny tassyk etdi.

Birleşen Ştatlaryň bu ýurda sapara baran wise prezidenti Jo Baýden bu hereketi ýazgardy.

Palestinalylaryň öz täze paýtagtlaryny gurmakçy bolýan ýerlerinde ýewreýler üçin jaý salmak barada kararyň kabul edilmegi Baýdeniň bu ýere parahatçylyk gepleşiklerini gaýtadan başlamak üçin sapar edýän wagtyna gabat geldi.

Ysraýyl bilen palestinalylar şu hepde 14 aýlap doňan gepleşikleri gaýtadan başlamak barada ylalaşyga geldiler.

Baýden Ysraýylyň premýer ministri Benýamin Netenýahu bilen gepleşiklerden soň Birleşen Ştatlaryň Ysraýylyň howpsuzlygyny gyşarnyksyz goldajagyny nygtady.

Ýöne ol täze jaýlaryň gurluşygy baradaky planlaryň tassyklanandygy yglan edilenden soň bu karary ýazgarýan beýanat ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG