Sepleriň elýeterliligi

Päkistan aýallaryň iş ýerlerindäki goragyny berkidýär


Päkistanyň prezidenti Asif Aly Zardari aýallara iş ýerlerinde azar berilmeginiň öňüni almak çäreleri baradaky kanuna gol çekdi.

Bu kanun boýunça düzgüni bozan adamlara 3 aýa çenli türme tussaglygy garaşýar.

Täze kanun ýanwar aýynda federal parlamentde tassyk edildi.

Zardari aýallary iş erlerinde azar berilmeden goramak baradaky kanuna gol çekmegi mynasybetli guralan dabarada aýallara deň hukuk beriljegini wada etdi.

Azatlyk Radiosynyň Päkistan gullugy Bulujystan welaýatynda bir suduň 4 erkegi ömürlik tussaglyga höküm edendigini habar berýär. Olar «namys» sebäpli 5 aýaly diriligine ýere gömüpdirler.
XS
SM
MD
LG