Sepleriň elýeterliligi

Lawrow täze ýadro şertnamasynyň taýyn boljagyny aýdýar


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ýadro ýaraglaryny azaltmak boýunça täze rus-amerikan şertnamasynyň iki-üç hepde wagt içinde taýyn bolmagynyň mümkindigini aýdýar.

Lawrow bu barada Ženewada bolan gepleşiklerde aýdypdyr. Rus we amerikan taraplary dekabrda möhleti dolan START, Strategiki ýaraglary azaltmak şertnamasynyň ýerine täze şertnama baglaşmak barada gepleşik alyp barýarlar.

Bu gepleşiklerde Orsýetiň ABŞ-nyň Ýewropada raketa garşy gorag galkanyny gurmak planlaryndan alada galmagy bökdençlik döredýär.
XS
SM
MD
LG