Sepleriň elýeterliligi

Hytaý bilen Hindistan Klimat şertnamasyna gol çekýär


Hytaý bilen Hisndistan Kopenhagen sammitinde gelnen Klimat ylalaşygyna gol çekmäge razy bolandyklaryny formal taýdan yglan etdiler.

Hytaýyň klimat gepleşikçisi Su Weý tarapyndan gol çekilen resmi hatda BMG-niň Bondaky Klimat özgermesi müdirligine olaryň Hytaýy 2009-njy ýylyň dekabryndaky sammitde gelnen ylalaşygy goldaýan ýurtlaryň sanawyna goşup biljekdigi aýdylýar.

Hindistanyň tebigat ministri Jaýram Rameş hem öz ýurdunyň Kopenhagen şertnamasyny goladýandygyny aýtdy.

Bu ylalaşygy 100-den gowrak ýurt goldaýar. Emma Orsýet entek bu şertanma goldawyny mälim edenok.
XS
SM
MD
LG