Sepleriň elýeterliligi

ABŞ gyrgyz tälim merkezini gurýar


Birleşen Ştatlar Gyrgyzystana terrora garşy tälim merkezini gurmaga kömek bermekçi.

Birleşen Ştatlaryň Bişkekdäki ilçihanasy Gyrgyzystanyň günoratasyndaky Batken diýen ýerde 5.5 million dollarlyk binanyň guruljagyny aýtdy.

Gyrgyz hem rus resmileri biraz öň Moskwanyň hem bu ýerde şeýle harby bina gurmagy pikir etjegini aýtdylar.

Ilçihananyň ýaýradan beýanatynda Birleşen Ştatlaryň günorta Gyrgyzystanda harby baza edinmekçi bolmaýandygy aýdylýar.

Moskwa-da, Waşington-da häzir demirgazyk Gyrgyzystanda harby howa bazasyny işledýär.
XS
SM
MD
LG