Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus milisioneri «para iýip» tussag edildi


Sibirli ýol gözegçisi 2 müň rubl para alyp, soň ol puly iýip, öz jenaýatynyň üstüni örtjek bolanda tussag edildi.

Çelýabinsk regionynyň milisiýa kapitany Alekseý Nikolaew 2-nji martda ýol düzgünini bozan sürüjiden para aldy. Ol sürüži bu barada milisiýa habar berdi we Nikolaýew para berlen puly alyp gaýtjak bolanda tussag edildi.

Derňewçiler Nikolaýewiň maşynynyň içinden gulplap, berlen parany, bir müňlük bilen iki sany bäşýüzlügi iýendigini aýtdylar. Para alan ýol gözegçisi derňelýär.
XS
SM
MD
LG