Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB resmisi goňşuçylyk strategiýasyny düşündirýär


Stefan Fule
Stefan Fule

Ýewropa Bileleşiginiň giňelme we Ýewropanyň goňşuçylyk syýasaty boýunça komissary Stefan Fule bilen Gündogar Partnýorlygy programmasy barada söhbetdeşlik. Fule bilen söhbetdeş bolan Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Brýusseldäki habarçysy Ahto Lobýakas.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Ilki bilen siziň öz işiňizden başlaly. Ýewropa Bileleşiginiň giňeme we Ýewropanyň goňşuçylyk syýasaty baradaky komissary hökmünde siz näme işleri edýärsiňiz?

Stefan Fule: Täze zat biziň, ýagny Ýewropa komissiýasy bilen Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň koordinirlenmeli işleriniň köpelendigi. Siz bu barada Günbatar Balkanlary mysal edinip bilersiňiz.

Goňşuçylyk syýasaty barada hem gowy mysal Ukraina. Biz bu barada bir tabel taýýarladyk. Onda biziň Ukrainadan ýerine ýetirmeli işler hökmünde talap edýän zatlarymyz bilen oňa teklip edýän zatlarymyzyň sanawy berilýär. Ýöne bu iş ýeke komissiýanyň elinde däl. Muňa agza döwletleriň hem goldawy gerek. Bu işi hem daşary syýasat baradaky ýokary wekili hökmünde Katherine Aşton bitirýär.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Moldowany alyp göreli. Bu kiçijik ýurt Ýewropa Bileleşiginiň edil serhetinde ýerleşýär. Agza döwletleriň birine hem gaty ýakyn. Ol Ýewropanyň iň garyp ýurtlarynyň biri bolup durýar. Köçelerdäki adamlaryň ýaşaýşyny gowulandyrmakda Ýewropa Bileleşigi näme edip biler?


Stefan Fule: Biz Moldowa bilen wiza gepleşiklerine başladyk. Ol Ukrainadan soň bileleşik şertnamasy barada gepleşige girilen ikinji ýurt bolup durýar. Moldowa şol bir wagtyň özünde-de biziň basym erkin söwda ylalaşygy barada giňişleýin we köptaraply gepleşiklere girişeris diýip, umyt edýän ýurdumyz.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Siziň gündogar goňşular bilen alyp barýan işleriňize Orsýet bir çetinden garap dur. Ýanwar aýynda Ýewropa parlamentinde geçen diňlenişikde siz: ‘Ýewropa Bileleşiginiň gündogar goňşulary hem Ýewropa Bileleşigi hem-de Orsýet bilen oňat gatnaşykda bolmaly’ diýdiňiz. Geçen sekiz ýyllykda Orsýetde reformalar gymyldysyz durdy. Ol 2008-nji ýylda Gürjüstana çozup girdi. Onosoň Ýewropa Bileleşiginiň gündogar goňşularyna ‘Orsýet bilen gatnaşygyňyzy gowulandyryň’ diýmek adalatlymy?

Stefan Fule: Meniň pikirimçe, biziň ‘Ýewropanyň ol bölegi bilen gatnaşygymyzy çuňaltjak, ýöne bu ýurtlaryň üçünji ýurtlar bilen bolan gataşygynyň hasabyna bolmaly däl’ diýmegimiz adalatly. ‘Ýewropa Bileleşigi öz gatnaşyklaryny bu ýurtlar bilen täzeleýar diýip, hiç bir üçünji ýurt özüni howp astynda duýmaly däl’ diýmegimiz adalatly.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Ýöne Orsýet bu ýurtlara demokratiýanyň we reformalaryň ýaýramagyna garşy.

Stefan Fule: Orsýet bilen gatnaşyk orslaryň, mysal üçin, adam hukuklaryna nähili garaýandygyna bagly däl. Bu gatnaşyk bir köp gatlakly zat. Uly roly hem energiýa oýnaýar. Çeh Respublikasy ilki NATO, soň hem Ýewropa Bileleşigine girjek bolanynda bize: ‘Siz ýa Moskwany ýa-da Brýusseli saýlap tutmaly’ diýdiler. Biz hem: ‘Ýok, biz bu işi etmeris’ diýdik. Biz NATO we Ýewropa Bileleşigine goşulsak, Orsýet bilen gatnaşygymyzyň belli bir derejede güýçlenjekdigini bilýärdik. Iň soňunda hem şeýle boldy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Bir tarapdan, Orsýet bilen gatnaşyklary gowulandyrmak, bir tarapdan-da Ýewropa Bileleşigi we NATO girmäge synanyşmak biri-birine gabat gelýän zatlarmy?

Stefan Fule: Men bu ýerde hiç bir probelma göremok. XXI asyryň başlarynda biri serhetleri harby güýç bilen üýtgetjek bolsa, ine, problema şol. Beýle zatlar biziň syýasatymyza gabat gelenok. Bu biziň Ýewropanyň ol bölegine teklip edýänimize gabat gelenok.
XS
SM
MD
LG