Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda oba hojalygynyň ýagdaýyna, ekiş paslyna görülýän taýýarlyklara syn edildi. 9-njy martda Türkmenistanyň prezidentiniň Ahal welaýatyna eden sapary netijesinde pudaga jogapkär ýolbaşçylaryň birnäçesi berk tankyt edildi.

Türkmenistanyň prezidentiniň Ahal welaýatyna saparynyň yz ýany oba hojalygyna gözegçik edýän wise-premýerleriň hem Ahal welaýatynyň häkiminiň adyna edilen bellikleriň arasynda, hususan-da, ekişiň öňünden geçirilýän suwaryşa, ýeriň şorlugy bilen bagly kemçiliklere, suwaryş sistemalarynyň erbet derejede bolmagyna, şeýle-de döwlet tarapyndan uly maliýe serişdeleri sarp edilýän dökünleriň kadaly şertlerde saklanylmaýanlygyna degişli tankytlar bar.

Türkmenistanyň oba hojalygynda ençeme beýleki problemalaryň-da bardygyny synçylar aýdýarlar. Oba hojalygy ähli ýurtlarda çylşyrymly we döwletiň goşmaça ýardamyna mätäç pudaklaryň biri hasaplanylýar. Beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, Türkmenistanda-da oba hojalygynyň öz kynçylyklary we aýratynlyklary bar.

Çözgüde garaşýan kynçylyklar

Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew ýurduň oba hojalygynda bar bolan problemalaryň köpüsini hususy eýeçiligiň we ýer eýeçiliginiň ýoklugy bilen baglanyşdyrýar.

“Häzir ýerler bisarpa tutulýar, suwam bisarpa tutulýar. Sebäbi kärendesine bir ýyllyk möhlet berilýär. Adamlaryň ynamy bolmany üçin bir ýylda olar ýerden diňe ýylyň dowamynda alan hasylyny bilýär. Geljek ýyl üçin, ýeriň ertesi üçin alada edilenok” diýip, Bugaýew aýdýar.

Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, häzirki wagtda Türkmenistanda oba hogajylygyny dolandyryjy edaralar-da örän çişirilen. Ekerançylykda, maldarçylykda we beýleki oba jogalyk ugurlarynda zähmet çekýän daýhanlara, çopanlara garanda, çinownikleriň örän köpdügini türkmenistanly synçy belledi.

Türkmenistanyň oba ýerlerinde suw, dökün meseleleriniň ýerli häkimiýetlere doly bagly bolup, bu ugurdan daýhanlaryň ençeme kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýanlygyny, şol sanda dökunleriň ýetmezçilik edýänligini, berilýän dökünleriň bolsa hiliniň pesligini synçylar gürrüň berýärler.

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň ýaşaýjysynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, daýhan birleşiginiň üstünden gelýän dökünleriň hili ýaramaz. “Bu daýhanlaryň işiniň netijeliligini peseldýär. Dökün üçin bolsa daýhanlar pul töleýärler. Bu daýhana agyr düşýär”.

Obanyň özgerişi

2008-nji ýylda Türkmenistanda regionlary ösdürmek we oba ýerleriniň şertlerini gowulandyrmak maksatlaryna dört milliard dollar çykarmak barada resmi karar kabul edilipdi.

Türkmenistanyň regionlary belli bir derejede özgerýär. A.Bugaýew oba ýerlerinde ýollaryň gurulmagynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň bejerilmeginiň we täzeden gurulmagynyň, işleýän oba ýaşaýjylaryna jaý gurmaga kredit bermek ýaly şertleriň döredilmeginiň göze ilýänligini belledi.

Bugaýew häkimiýetler tarapyndan öň esasy üns Aşgabada we onuň töweregine berlen bolsa, soňky döwürde regionlarda-da ýagdaýyň belli bir derejede özgerip başlanlygyny aýtdy. "Esasy özgerişlik, häkimiýetleriň ekerançylygy regionlaryň tebigy aýratynlyklaryna görä alyp barmak baradaky kararyna degişli boldy".

Türkmenistanyň prezidentiniň Ahal welaýatyna soňky sapary netijesinde oba hojalyk tehnikasynyň ýagdaýyna ýeterlik derejede gözegçilik edilmänligi sebäpli “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň ýolbaşçylary tankyt edildi.

Berdimuhamedow obalaryň arhitektura taýdan kämil däldigi sebäpli Ahal welaýatynyň häkimine, şeýle-de Türkmenistandaky özgerişliklere bagyşlanyp, aprel aýynda geçiriljek halkara festiwala ýaramaz taýýarlyk üçin wise-premýer H.Saparlyýewe we Dünýä türkmenleriniň gumanitar assosiasiýasynyň wise-prezidenti A.Aşyrowa tankydy sözler aýtdy.

Gözegçiligiň ähmiýeti

Türkmenistanyň hökümetiniň ozalky geňeşçisi Wladimir Ýerofeýew ýokardan edilýän görkezmeleriň berjaý edilişine gözegçiligiň ähmiýetini belledi.

Wladimir Ýerofeýew dürli derejelerde häkimiýetler organlar tarapyndan goýberilýän kemçilikleriň öňüni almakda kanunlaryň we olaryň berjaý edilmegi boýunça gözegçiligiň zerurlygyny nygatdy.

Ozalky geňeşçi Ýerofeýew öz döwründe Türkmenistanda oba holajyk pudagynyň üpjünçiligini berjaý etmek boýunça ýörite döwlet edaralary tarapyndan iş alnyp barlanlygyny, şol sanda ýerli häkimiýetlerden dökünleriň, döwlet tarapyndan çykarylan serişdeleriň ulanylyşy barada hasabatyň soralanlygyny ýatlady.

Wladimir Ýerofeýewiň pikirine görä, beýleki postsowet döwletlerde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem çinownikler ilatyň hasabyna baýamak endiginden halas däl.

Türkmenistanyň prezidentiniň Ahal welaýatyna sapary netijesinde, hususan-da, ministrlikler we edaralar tarapyndan agaç ekişlige gözegçilik bilen baglylykda ýurduň Baş prokurory Hojamyradowa döwlet serişdeleriniň jogapkärçiliksiz ulanylyşynyň anygyna ýetmek tabşyrygy berildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG