Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyzlar äre gaçýarlar


2010-njy ýyl özüniň ilkinji aýlaryndan bir täsin wakasy bilen başlandy. Gyzlar haýran galmaly derejede äre gaçyp başladylar.

Gyzlaryň äre gaçmagy ýaly wakalar öňräklerden bärem türkmenleriň arasynda bar. Köplenç ýagdaýda gyzlar halaýan ýigidine berilmedik ýagdaýda gaçýardylar. Ýa-da gurban baýramy döwründe çalt söýgä sataşyp, ony hem ene-atalaryna aýtmaga çekinip, gaçardylar. 2010-njy ýylda welin, gyzlara bir döw-ä çaldy. «Pylanynyň ogly gyz alyp gaçypdyr», «Pylanynyň gyzy gaçyp gidipdir» diýen ýaly habarlar günüň-güni eşidilýär.

Ene-atalar hut ukudan oýanan ýaly äm-säm ýagdaýda galýarlar. Olar ogullarynyň, gyzlarynyň kimdir biri bilen halaşýandygy hakda hiç hili habar bilmändiklerini, wakanyň birden ýüze çykandygyny aýdyp, aglaşýarlar.

Sebäp näme?

Oglanlaryň gyz alyp gaçmasy ýoksuzlygyň alamaty. Halkyň hal-ýagdaýynyň çökmegi adamlarda galyň tölemäge ýagdaý goýmady. Türkmenleriň gyza galyň salma keseli olary köp masgaraçylyklaryň üstünden eltýär. Adam ýaly soralyp barlanda hökman dört müň, ýa-da, iň bolman, iki müň amerikan dollaryny, munuň-da daşyndan köp gymmat bahaly mata-marlaklary, gyzyl şaý-sepi galyň hökmünde salýarlar.

Ýaşlaryň toýuny tutmak üçinem azyndan üç-bäş müň amerikan dollary gerek. Ogul öýermek üçin umuman, ýedi-on müň amerikan dollary gerek. Iýmäge çörek, geýmäge eşik tapmasy kyn adamlar beýle ýagdaýda gelin edinmegi başarmaýarlar. Ýöne ýetişip barýan ogullar ene-atanyň haçan-da bolsa, bir wagt pul tapjagyna garaşyp durmaýarlar. (Garyp öýleriň ogul öýermek üçin puly taparyndan tapmazy ýakyn). Şeýle bolansoň, ýigitler gyzy alyp gaçaýýarlar.

Gyzlaryň gaçmagynyň ikinji bir sebäbem, köp gyzlar üçin gudaçylyga barýanam ýok. Sebäbi ilatyň esasy bölegi garyplyga sataşdy. Şonuň üçin Türkmenistanda durmuşa çykyp bilmän oturan gyzlar ýylsaýyn köpelýär. Köp gyzlar bolsa, durmuşa çykman ömürlerini ötürmek islemeýärler we olar gudalaryň gelerine garaşyp oturmaýarlar. Olaryň käsi özlerine lak atan çem gelen oglan bilen hem gaçaýýarlar.

Hiç zat gyzyklandyranok

Gyzlary oglanyň ýaşaýyş durmuşy-da gyzyklandyrmaýar, edýän işi-de. Neşe söwdagärine, neşekeşe, türmeden gelene, hiç bir ýerde işlemeýäne gaçyp duranlaram bar.

Äre gaçýanlaryň arasynda mekdebi tamamlamadyklaryň-da barlygy haýran galdyrýar. «Bu gyzlara ne döw çaldyka?!» diýýärler. Gelin bolup, başa kürte atmak höwesi olaryň gözüni gapypdyr. Olaryň soňky ýaşaýşy nähili boljak, ony bilýän ýok.

Häzir-ä gyzlaryň arasynda äre gaçmaklyk köpeldi. Misli, gripp keseliniň ýokuşyşy ýaly, äre gaçma keseli olara ýokuşypmy-nämemi, gyzlar biri-birinden kem galyp barýan ýaly, äre gaçýarlar.

Äre gaçýan gyzlaryň hossarlary säher bilen turup, hossarlaryna «Waý, biziňkem turup gidiberipdir!» diýşip, jaň edýärler. Gyzlaryň şeýle köp äre gaçan wagtynyň hiç bir zamanda bolmandygyny aýdyp, ýaşuly nesil ýakasyny tutýar. Olar ýagdaýy sosial ýetmezçiliklere syrykdyrmany welin bilenoklar.

Garýagdy Meläýew Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG