Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Ak pamyk» ýagy halkyň islegini gazandy


Baýramalynyň ýag kombinaty gaty ir döwürlerde gurlan. Öňki döwürde-de özüniň pagta çigidinden alýan ýagy bilen belli bolan bu ýag zawody häzirki wagtda Türkmenistanyň azyk senagaty assosiasiýasyna degişli kombinata öwrüldi.

Kombinatda iş prosesleri ýyl-ýyldan kämilleşýär. Kombinatyň «Ak pamyk» ady bilen çykarýan, bir litrlik hem bäş litrlik plastmassa çüýşelerdäki ýagy uly iliň islegini gazandy. Doly arassa hem tagamly ýag hasaplanýar.

Türkmenistanyň daşarky dünýä bilen gatnaşyp başlamagynyň netijesinde, her hili görnüşdäki, plastmassa çüýşe gaplarda dürli hilli ýaglaryň ýurda getirilmegi türkmenistanly, şol sanda baýramalyly ýag öndürijileriň-de işlerine gowy täsirini ýetirdi.

Baýramalynyň ýag kombinatynyň ýag gaplaýan çüýşeleriniň gapagyny açmak öňler örän kyndy. Olar Sowet soýuzynyň ähli zawodlarynyň goýberýän çüýşeli önümleriniň gapagy ýalydy - olary diňe pyçak bilen kesip açyp bolýardy. Indi bolsa kombinatyň ýag gaplaýan çüýşeleriniň gapagyny towlap, örän aňsatlyk bilen açyp bolýar hem-de şol gapaklary ýene çüýşä geýdirip bolýar. Hut daşary ýurtlardan gelýän günebakar ýaglarynyň tipinde.

Daşarky dünýä bilen gatnaşyklaryň kämilleşmegi türkmenlere köp zatlary öwredýär. Bir sapar ulanylyp taşlanýan çüýşeleriň önümçilige ornaşdyrylmagy, zawod-fabrikleriň içiniň arassaçylygyny dünýä standartyna laýyklamagy öwredýär.

Gigiýena meselesi ýok däl

Hökümete degişli zawod-fabriklerde, iýmit öndürilýän ýerlerde arassaçylyk dünýä standartyna laýyk ýola goýulýar. Ýöne şahsy ýag öndürijilerde welin bir problema bar. Olar öz öndürýän ýaglaryny agyz suwy zawodlarynyň öndürýän suwlaryndan boşan plastmassa çüýşelere guýup satýarlar. Her kim «Coca-Cola», «Pepsi-Cola», «Tarhun» we ş.m. suwlary içensoň, suwdan boşan çüýşesini çem gelen ýere oklap goýberýär.

Ullakan ganarlary eginlerine göterip ýören aýallardyr erkek kişiler aram-aram halkyň içine aýlanyp, dürli içimlik suwlardan boşan plastmassa çüýşeleri çöpläp çykýarlar. Olara beýle çüýşeleri zir-zibil taşlanýan ýerlerden çöpläp berýänler-de bar. Beýle, zyňlan çüýşeleri ýene iýmite degişli meselede ulanmagyň ýokanç keselleriň döremegine sebäp bolýandygyna köpler düşünmeýärler.

Ikinji gezek ulanmaga degişli bolmasa-da, halk ol çüýşeleri ulanýar. Çüýşe çöpleýjiler ol tapyndy çüýşeleri halkdan dört teňňä satyn alyp, şahsy ýag öndürijilere ýigrimi teňňä satýarlar. Şahsy ýag öndürijiler bolsa, ol çüýşelere öz öndürýän çigit ýaglaryny (pagta çigidinden öndürilen) guýup satýarlar.

Şeýle çüýşelere guýlup satylýan ýaglar Marynyň bazarlarynda-da örän köp. Şahsy eýeçilige ýol açylyp, şahsy hojalyklarynda ýagdyr beýleki iýmit önümlerini öndürýän işewür adamlaryň köpelmeginden, hökümetiň-de olaryň işine giň ýol açmagyndan halk hoşal. Ýöne adamlar şahsy hojalyklarda öndürilýän önümleriň-de gigiýena tarapyna - arassaçylygyna üns berilmegini isleýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG