Sepleriň elýeterliligi

Owgan polisiýasyna goşulýanlaryň köpüsi neşekeş


Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň derňew bölümi neşekeşligiň owgan polisiýasy üçin uly problemadygyny aýdýar.

Polisiýa işe girýänlerde geçirilýän barlaglar käbir ýerlerde her 10 adamyň dördüsiniň neşe ulanýandygyny görkeziýär.

Hökümet jogapkärçiligi edarasy bikanun neşe söwdasynyň pitneçilige garşy alnyp barylýan kapmaniýa uly bökdençlik döredýändigini aýdýar.

Owganystan dünýäde öndürilýän neşäniň 90 prosentini öndürýär.

Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň Owganystandaky neşe gaçakçylygyna garşy tagallalaryna garamazdan, derňewiň maglumatlaryna görä, owgan polisiýasynyň ýaş esgerleriniň bir topary neşekeş we neşe söwdasy bilen ilteşikli.
XS
SM
MD
LG