Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Güman edilýän amerikan zarbalary Päkistanda 12 adamy öldürdi


Birleşen Ştatlaryň adamsyz uçaryndan urlan diýlip güman edilýän iki howa zarbasy Päkistanyň owgan serhetine golaý närahat regionynda azyndan 12 adamy öldürdi.

Aňtaw resmileri ol zarbalaryň Datta Hel we demirgazyk Wezirsitan töwereklerine uralandygyny aýtdylar. Bu ýerler Talyban we Al-Kaýda jeňçileriniň mesgeni hasaplanýar.

Şularalykda ýaragly adamlar hüjüm ýaraglary hem öýde ýasalan bombalar bilen düýbi Amerikada ýerleşýän hristian kömek toparynyň ofisine hüjüm etdiler.

Hristian kömek topary demirgazyk-günbatar Päkistanda bolan ýer yranmasyndan aman galanlara kömek edýärdi. Hüjüm wagtynda kömek toparynyň päkistanly işgärleriniň altysy öldürildi.
XS
SM
MD
LG