Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan gadagan toparyň agzalaryny türmä basýar


Täjigistanyň Ýokary sudy gadagan edilen yslam guramasyna agza bolan 56 adamy sud etdi.

Sud Jamaat al-Tablih toparynyň 23 agzasyny 3 ýyldan 6 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm etse, 33 agzasyny 16 müň dollara çenli jerime tölemeli etdi.

Resmiler suduň howpsuzlyk aladalary sebäpli Duşanbedäki tussaghanada geçirilendigini aýtdylar.

Täjigistan Jamaat al-Tablih toparyny 2006-njy ýylda ekstremist topar diýip yglan etdi.

Onuň agzalary bu toparyň zorluksyz, syýasata goşulmaýan hereketdigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG