Sepleriň elýeterliligi

Orsýetin premýer-ministri Putin Hindistana barýar


Orsýetiň premýer ministri Wladimir Putin şu gün Hindistana sapar edýär.

Putin Nýu-Delide 10 milliard dollarlyk ylalaşyga gol çekmekçi. Bu şertnamalar goranyş we ýadro reaktorlary bilen bagly.

Şeýle-de Putin ikitaraplaýyn söwdany giňeltmäge synanyşar, ýagny häzirki 8 milliard dollarlyk söwdany 2015-nji ýyla çenli 20 milliard dollarlyga ýetirmek maksat edilýär.

Hindistan Orsýetiň uzak wagtlyk ýarany we öz ýaraglarynyň köpüsini Moskwadan alýar.

Indi Hindistan Moskwanyň hindi biznesmenleri üçin wiza düzgünlerini hem ýeňletmegini isleýär.
XS
SM
MD
LG