Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan bilen Ysraýyl döwletara dialogy we parlament gatnaşyklaryny aktiwleşdirmekçi. Bu barada 9-njy martda Ysraýylyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Şemi Tsur Aşgabada öz saparynyň dowamynda türkmen parlamentiniň başlygy Akja Nurberdiýewa bilen bolan gepleşikde mälim etdi.

9-njy martda Aşgabatda Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewa we Ysraýylyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygryýarly ilçisi Şemi Tsuryň arasynda bolan duşuşykda ýurtlaryň parlamentara gatnaşyklarynyň aktiwleşmegi “iki ýurduň we halklaryň arasynda dostlukly we hyzmatadaşlykly adaty gatnaşyklaryň berkidilmegi üçin gaýragoýulmasyz faktor” hökmünde kesgitlenildi.

Türkmenistan bilen Ysraýylyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylda ýola goýlupdy.

Türkemenistanyň Ýsraýyldaky ilkinji Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bolan Nurmuhammet Hanamow Türkmenistan bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklaryň, adatça, umumy häsiýete eýe bolanlygyny belledi we häzirki wagtda ýurtlaryň parlament derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge bildirýän islegine pozitiw ädim hökmünde baha berdi.

Mejlis Knessetden nämeleri öwrenip biler?

N.Hanamow hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň türkmen Mejlisiniň daşary ýurt tejribesinden peýdalanmak, onuň ýokardan berilýän gözkezmeleri ýerine ýetirýän “jübi parlamenti” bolman, öz wezipelerini we ygytyýarlyklaryny doly berjaý etmek ukybyna bagly boljakdygyny belledi.

Postsowet döwletleri boýunça analitik Aleksandr Narodetski Ysraýylyň parlamenti bolan Knessetiň türkmen Mejlisi üçin peýdaly bolup biljek tejribeleriniň biri onuň güýçli oppozision rolundan ybaratdygyny belleýär.

Bilermeniň pikirine görä, ýakynda prezident G.Berdimuhamedowyň ýurtda oppozision hereketleri döretmek barada eden çykyşy bilen baglylykda Ysraýylyň parlamentiniň oppozision tejribeleri Türkmenistana peýdaly bolup biler.

Knesset Ysraýyl döwletiniň erkin saýlawlar esasynda düzülýän parlamenti bolup, ýurtda bar bolan ähli syýasy garaýyşlara wekilçilik edýär. Ýurduň kanun çykaryjy organy hökmünde onuň kanunçylyk döredijiligine aýratyn ygtyýarlylygy bar diýip, Ysraýylyň parlamentiniň resmi internet saýtynda aýdylýar.

Ysraýylyň parlamenti saýlaw organydyr. Knesset her ýedi ýyldan ýurduň prezidentini we Döwlet gözegçisini saýlaýar.

Knessetiň wezipeleriniň ýene biri hökümete gözegçilik etmekden ybarat. Ysraýylyň hökümetiniň agzalary, ýagny ministrler we ministleriň orunbasarlary parlamentiň agzalary bolup durýarlar. Hökümetiň goldaýan islendik kanuny parlament tarapyndan tassyklanmaly.

Ysraýylyň parlamentiniň resmi internet saýtynda Knessetiň örän çäkli bolsa-da, suda degişli käbir wezipeleriniň hem bardygy aýdylýar. Maglumata görä, Knesset deputatlaryň eldegrilmesizlik statusyny ýatyrmaga, prezidenti, Döwlet gözegçisini we premýer-ministri wezipesinden çetleşdirmäge ukyply.

Hyzmatdaşlyk üçin perspektiwaly ugurlar

Türkmen resmileriniň Ysraýylyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Şemi Tsur bilen geçiren gepleşiklerinde ýurtlaryň partnýorlygy üçin perspektiwaly ugurlaryň arasynda söwda-ykdysady we gumanitar meseleler boýunça pikir alyşylanlygy türkmen metbugatynda aýdyldy. Ysraýylyň ilçisi Türkmenistanyň Mejlisinde, Daşary işler ministrliginde, hökümetde, Oba hojalyk, Saglygy saklaýyş we medisina senagaty ministrliginde duşuşyk geçirdi.

Aleksandr Narodetskiniň pikirine görä, Ysraýylyň oba hojalyk, suwaryş we şol sanda çöllük şertlerine degişli tehnologiýalar boýunça baý tejribeleri hem Türkmenistan üçin peýdaly bolup biler.

Moskwada ýerleşýän Ysraýyly öwreniş institutynyň bilermeni Ýewgeniý Satanowskiý Ysraýylyň Merkezi Aziýa döwletleri, şol sanda Türkmenistan bilen geosyýasy we ykdysady sebäplerden gatnaşyklary güýçlendirmäge gyzyklanma bildirýänligini belledi. Hususan-da, Satanowskiý Türkmenistanyň Eýran bilen serhetdeş döwletliginiň hem-de ýurduň nebit-gaz baýlyklarynyň muňa sebäp bolýanlygyny öňe sürdi.

Ekspertiň pikirine görä, Ysraýyl Türkmenistan bilen gatnaşyklarynda Günbatar döwletleriniň öňe sürýän demokratik şertlerini talap etmezden, öz bähbitlerine görä, öňdengörüjilikli pragmatik syýasaty alyp barmaga taýýardygyny görkezýär.

“Eger Türkmenistan daşky dünýä, şol sanda Günbatara tarap, täze tehnologiýalara tarap ýol gözleýän bolsa, Ysraýyl bu ugurdan köp döwletler üçin özboluşly köpri hökmünde hereket edýän döwletdir” diýip, Ýewgeniý Satanowskiý Azatlyk Radiosyna aýtdy.

N.Hanamowyň pikirine görä, Türkmenistandyr Ysraýylyň arasynda pudagara derejesinde daşary gatnaşyklaryň ösüşi üçin Türkmenistanyň döwlet institulary tarapyndan inisiatiwaly, aktiw we özbaşdak hereket edilmeli. “Döwlet organlarynyň daşary hyzmatdaşlygynyň formal häsiýete eýe bolmazlygy üçin olara erkinlik berilmeli”.

Türkmenistan bilen Ysraýylyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 15 ýyla golaý wagt geçse-de, bu ýurtlaryň özara ilçihanalary ýok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG