Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran, Sudan, Kuba üçin internet has elýeterli bolar


ABŞ-nyň häkimiýetleriniň Eýran bilen bir hatarda beýleki birnäçe ýurda internet hyzmatlaryny hödürlemek boýunça düzgünlere ýeňillikler girizmegi "Google" ýaly iri internet kompaniýalary tarapyndan gowy garşylanyldy.

Bu çäre häkimiýetler tarapyndan gadagan edilen maglumatlaryň tehniki taýdan sowatly raýatlara has elýeterli bolmagyny gazanmak üçin amala aşyryldy.

8-nji martda girizilen bu özgeriş iň ýapyk ýurtlara degişli Eýran, Kuba, Sudan ýaly ýurtlaryň raýatlaryna internete has erkin göz gezdirip, dürli saýtlaryň bloglarynda öz pikirlerini beýan etmäge, e-mail arkaly daşary ýurtlar bilen gatnaşyk saklamaga mümkinçilik döreder.

Bu mesele bilen bagly çykyş eden ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton: “Biz internet azatlygyna hormat goýup, ilatyň pikirini erkin beýan etmek hukugyny goldap, Eýran halkyna internet hyzmatyny elýeterli etmek isleýanlere degerli licenziýalary bereris” diýdi.

“Şeýdip, eýranlylar ýurduň içinde bolup geçýän wakalar barada beýleki çeşmelerden hem maglumat alyp bilerler” diýip, Hillary Klinton sözüniň üstüni ýetirdi. Şeýle hem ol bu çäräniň ilata resmi Tähranyň maglumat gabawyndan çykmaga has köp mümkinçilikleri döretjekdigini aýtdy.

Näme edilýär?

Internet bilen bagly çäklendirmeleriň gowşadylmagy “Microsoft” hem “Yahoo” ýaly kompaniýalara eýranly, kubaly hem sudanly internet ulanyjylara öň hödürläp bilmedik dürli programmalaryny hödürlemäge mümkinçilik döreder.

“Google” kompaniýasynyň Ýewropa ýurtlary, Afrika, hem Ýakyn Gündogar boýunça metbugat sekretary Bill Echikson Azat Ýewropa we
Häzir biz şol ýurtlara öz hyzmatlarymyzy ýetirmegiň ýollary barada geňeşýäris.
Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda: “Biz ABŞ-nyň Maliýe ministrligi tarapyndan kabul edilen karara gaty guwanýarys. Biz uzak wagtyň dowamynda ýapyk ýurtlaryň ilatyna biri-biri bilen gatnaşyk saklap biler ýaly internet serişdeleriniň elýeterli bolmalydygy baradaky pikiri öňe sürdük. Häzir bolsa biz şol ýurtlara öz hyzmatlarymyzy ýetirmegiň ýollary barada geňeşýäris” diýdi.

“Google” kompaniýasynyň gatnaşyklar bölüminiň ýolbaşçysy Robert Burstin 9-njy martda “Adam hukuklaryna hormat goýmak hem demokratiýa” boýunça Ženewada geçirilen sammitde çykyş edip, “Google” kompaniýasynyň internetiň global infrastrukturasyny gurmak üçin maýa ýatyrandygyny gürrüň berdi.

Şol proýekte Gündogar Afrika çenli deňziň düýbi bilen uly kabel çekmek plany hem girýär. Şeýle hem mobil telefonlaryna niýetlenen programmalary has kämilleşdirip, interneti barmasy kyn ýerlerde ýaşaýan adamlara sputnik arkaly elýeterli etmek ýaly planlaryň hem bardygy aýdyldy.
XS
SM
MD
LG