Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azarow Ukrainanyň premýer-ministri wezipesine saýlandy


11-nji martda Ukrainanyň parlamenti Mikola Azarowy ýurduň täze premýer-ministri hökmünde tassyklady. Ol prezident Ýanukowiçiň ýakyn ýaranydyr.

Azarow parlamentde geçirilen ses berişlikden öň eden çykyşynda “öňki hökümetiň emele getiren maliýe meselelerini aradan aýyrjakdygyny” wada berip, döwletiň gaznasynyň boşdugyny we 2010-njy ýyl boýunça hakykata laýyk gelýän býujetiň gaýtadan tassyklanmagynyň zerurdygyny belledi.

Azarowyň kandidaturasy prezidentiň ýolbaşçylygyndaky täze koalisiýa tarapyndan hödürlendi. Bu topara 450 agzadan ybarat parlamentiň 235 deputaty girýär.

Bu teklibiň tassyklanmagy üçin 226 ses zerurdy.

Bu koalisiýa Ýanukowiçiň “Regionlar Partiýasy” bilen bir hatarda, “Litwin blogy”, “Komunistik Partiýasy” we hiçbir topara agza bolmadyk garaşsyz deputatlar girýärler.
XS
SM
MD
LG