Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden: “Palestina we Ysraýyl gepleşiklere başlamaly”


ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden 11-nji martdaky eden çykyşynda Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky parahatçylyk boýunça gepleşikleriň gysga wagtda başlanmalydygyny nygtady.

Baýden Ysraýylyň paýtagty Tel-Awiwde eden çykyşynda palestinalylar bilen parahatçylykda ýaşamagyň Ýsraýylyň öz bähbidine boljakdygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Baýdeniň bu baradaky çykyşy Ysraýylyň palestinalylardan basyp alan regionynda 1600 töweregi täze ýaşaýyş jaýyny gurmak barada yglan eden planynyň Orsýet hem Türkiýe tarapyndan ýazgarylmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Arap Ligasynyň ýolbaşçysy Amar Mosa Ysraýylyň bu karary sebäpli Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbasyň Tel-Awiw bilen ýüzbe-ýüz bolmadyk gepleşiklere başlamaga taýýar däldigini aýdanlygyny mälim etdi.

Baýden häzirki döwürde Palestina bilen Ysraýyla sapar edýär. Ol Ysraýylyň basyp alan regionynda täze ýaşaýyş jaýlaryny gurmak baradaky planynyň regiondaky parahatçylygy ornaşdyrmak boýunça edilýän tagallalara kölege saljakdygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG