Sepleriň elýeterliligi

Eýran tussag edilen žurnalistleriň sany boýunça birinji


Media gözegçilik edýän halkara guramanyň maglumatyna görä, Eýranda 2009-njy ýylda geçirilen jedelli saýlawlardan soňra oppozisiýa garşy hökümet tarapyndan başladylan tutha-tutluklarda nyşana alnan esasy topar žurnalistler bolupdur.

Žurnalistleri goraýan komitet tarapyndan Beýrutda çap edilen hasabatda aýdylmagyna görä, Eýranda häzirki döwürde 52 žurnalist tussaglykda saklanýar. Bu ýagdaý hem tussaglykda saklanýan žurnalistleriň sany boýunça Eýranyň dünýäde birinji orunda duranlygyny aňladýar.

Žurnalistleriň hak-hukugy boýunça çykyş edýän şol topar azyndan 100 žurnalistiň Eýrany terk etmäge mejbur bolanlygyny belläp, olardan 80 töwereginiň Türkiýededigini habar berýär.
XS
SM
MD
LG