Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň hasabatynda Türkmenistan tankyt edilýär


ABŞ-nyň Döwlet departamenti 2009-njy ýyl boýunça adam hukuklary babatdaky ýyllyk hasabatyny ýaýratdy.

Hasabatda bellenmegine görä, käbir ösüşleriň bolandygyna garamazdan, Türkmenistanda dürli gynamalar we zorluklar henizem dowam edýär.

Hasabatda Türkmenistanda 2009-njy ýylda adam hukuklary boýunça o diýen ösüşiň bolmanlygy, hakimiýetleriň syýasy we graždan jemgyýetçiligi boýunça hereketleri çäklendirmegi dowam etdirenligi aýdylýar.

Hasabatyň dowamynda Türkmenistanda söz, metbugat we pikir azatlygynyň henizem çäklendirilmeginiň dowam etdirilýänligi mälim edilip, ýurtdaky dini azatlygyň hem gözgyny ýagdaýdadygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG