Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Geýts Aýlak döwletlerinde Eýran sanksiýasyna goldaw görýär


Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Robert Geýts Aýlak döwletleri Hytaýy BMG-niň Eýrana garşy täze sanksiýasyny goldamaga itermäge taýýar görünýär diýýär.

Geýts Eýranyň uran baýlaşdyrmagy togtamanlygy sebäpli oňa garşy has köp herket edilmegi üçin Birleşen Arap Emirliklerine sapar etdi.

Geýtsiň aýlak ýurtlaryna sapary mahalynda Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejat ABŞ-nyň bu sebitde bolmagyny ýazgaryp çykyş etdi.

Ol Waşington terrorizme garşy göreş bahanasy bilen bu sebitiň energiýa serişdelerine eýelik etjek bolýar diýdi.
XS
SM
MD
LG