Sepleriň elýeterliligi

Albanlar Enwer Hojanyň gahrymanlyk atlarynyň aýrylmagyny isleýär


Albaniýa Ýewropanyň iň gazaply kommunist režimleriniň birini döreden stalinçi diktator Enwer Hojany ýazgarýar, emma onuň pidalary döwletiň bu ugurda has köp iş etmelidigini we onuň medallaryny yzyna almalydygyny aýdýar.

Albaniýanyň Zeperden we gynamadan saplanmak merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Adrian Kati prezident Bamir Topä bu meselede kömek etmegini sorap ýüz tutandygyny aýdýar.

Ol Enwer Hojanyň «Halk gahrymany», «Zähmet gahrymany», «Ýugoslawiýanyň halk gahrymany», «Sowet soýuzynyň halk gahrymany» diýen ýaly birnäçe hormatly adynyň bardygyny we bu atlar ýatyrylsa adalatly boljagyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG