Sepleriň elýeterliligi

Malikiniň koalisiýasy iki welaýatda öňde barýar


Yragyň parlament saýlawynyň ilkinji deslapky netijeleri premýer ministr Nury al-Malikiniň koalisiýasynyň ýurduň günortasynda, şaýylaryň köplük bolup ýaşaýan ýerinde öňe saýlanandygyny görkezdi.

Bagdadyň günortasyndaky Najafda we Babilde Malikiniň Kanun döwleti koalisiýasy 20 müňden gowrak ses aldy.

Başky netijeler, Diýalada berlen sesleriň 17 prosentiniň sanalmagy bilen, Bagdadyň demirgazyk-gündogaryndaky etniki taýdan garyşyk regionda, aglabasy sünnilerden durýan Salahuddin welaýatynda Dünýewi koalisiýanyň lideri, öňki premýer ministr Aýad Allawynyň öňe saýlanandygyny görkezdi.
XS
SM
MD
LG