Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: “2009-njy ýylda hukuk bozulmalary dowam etdi”


Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti şu gün çap eden ýyllyk hasabatynda 2009-nji ýyldaky hukuk bozulmalaryny üç sany esasy topara bölýär.

2009-njy ýylda adam gynamalary, sudsuz adam öldürmeler we adam hukuklarynyň beýleki bozulmalary baradaky habarlaryň mukdary howsalaly derejä çykdy, bu birinji tendensiýa.

Hasabatda aýdylmagyna görä, ikinji tendensiýa hökümetleriň döwlete degişli däl guramalar üçin täze we köplenç aýylganç çäklendirmeleri girizmegi bilen bagly.

2009-njy ýyldaky hukuk bozulmalarynyň üçünji aýratynlygy goragsyz toparlaryň agzalarynyň kemsidilmeginiň we ýanalmagynyň köpelmegi.
XS
SM
MD
LG